Apple 9-njy sentýabrda iPhone 17-ni we beýleki täzeliklerini tanyşdyrar

  • 27.08.2025 11:24
  • 4.2k+

Apple kompaniýasy her ýylky tanyşdyryş çäresiniň senesini mälim etdi. Çäre 9-njy sentýabrda, sagat 22:00-da (Aşgabat wagty bilen) kompaniýanyň Kaliforniýadaky Kupertino şäherindäki baş edarasynda ýerleşýän Stiw Jobs adyndaky teatrda geçiriler.

Apple-yň resmi saýtynda tanyşdyryş çäresiniň şygary hem getirilýär: «Ajap» («Awe dropping»).
Kompaniýanyň baş direktory Tim Kuk sosial sahypalarynda çäräniň tizerini çap etdi. Žurnalistler hem Apple tarapyndan iberilen çakylyklary görkezdiler.
Çärede kompaniýanyň dört sany täze iPhone 17 modelini, şol sanda Pro wersiýalaryny we şeýle hem ýuka görnüşli Air modelini tanyşdyrmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda täze Apple Watch Series 11, Apple Watch Ultra 3, Apple Watch SE 3, täze dizaýnly AirPods Pro 3 nauşnikleri, HomePod mini kolonka we täzelenen Apple TV 4K görkezilip bilner.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...