Aşgabatda okuwçylaryň arasynda “Ozon we klimat” ylmy-döredijilik bäsleşigi yglan edildi

  • 25.08.2025 15:49
  • 3k+

Türkmenistanda ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigi “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraýar.

Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşik ozon gatlagyny goramak baradaky bilimleri kämilleşdirmegi, ekologiýa medeniýetini kemala getirmegi, ylmy-barlag we döredijilik ukyplaryny ösdürmegi maksat edinýär.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar «Ozon gatlagyny gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin adamlar näme edip biler?» diýen tema boýunça görkezme esbap (maket) we taslama işini taýýarlamaly. Görkezme esbap klimaty we ozon gatlagyny goramak babatda öňe sürülýän çäreleri aýdyň şöhlelendirmeli. Taslama işiniň göwrümi bolsa degişlilikde 5-10 sahypalyk tekstden ybarat bolmaly.
Bäsleşige hödürlenilýän işler 2025-nji ýylyň 26-njy sentýabryna çenli “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasyna tabşyrylmaly.
Işlere ýörite düzülen topar tarapyndan kesgitlenen ölçeglere laýyklykda baha berler.

Gatnaşyjylaryň ählisine guramaçylar tarapyndan sertifikatlar, ýeňijilere höweslendiriji ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
Salgysy: Aşgabat ş., Köpetdag etrabynyň Azady köçesiniň 61-nji jaýy
Telefonlar:
94-03-26(19),
+99364 26-84-32.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......