102 ýaşly ýaponiýaly Fudzi dagyna çykan iň garry adam boldy

  • 23.08.2025 12:41
  • 14k+

102 ýaşly ýaponiýaly Kokiti Akudzawa Fudzi dagyna çykan iň garry adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Adatça, daga çykmak 6 – 10 sagat wagt alýar, ýöne ol organizme agram salmazlyk üçin bu ýoly üç günde geçdi: Kokiti ýürek nogsanlygyndan ejir çekýär. Ol gijesini dagdaky çatmalarda geçirdi.
Ilkinji iki gün kynçylyksyz geçdi, ýöne üçünji gün Akudzawa kislorod ýetmezçiligi, gan basyşynyň peselmegi, sowuk we güýçli ýel bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ol daga çykmagyny dowam etdirmelidigi barada ikirjiňlenip başlady, ýöne gyzy ony dowam etdirmäge ynandyrdy.
Ozal goja Fudzi dagyna ençeme gezek çykypdy, soňky gezek 96 ýaşynda çykdy. Ýöne bu gezek çykmak öňkülerden kyn boldy.

“Bu kyn boldy we duýgular hem geçenki gezekden düýbünden başgaçady. Men çykyp bilendigime haýran galýaryn. Beýlekileriň kömegi bolmazdan men muny başarmazdym. Häzir men özüme buýsanýaryn” – diýip, Akudzawa aýtdy.

Täze synanyşyklar baradaky soraga ýaşuly “Indi hiç haçan” diýip, degişme bilen jogap berdi.
Kokiti Akudzawa Gumma prefekturasynyň alpinistler klubunyň hormatly başlygydyr. Ol daglara yzygiderli çykýar. 2022-nji ýylda alpinist Nabewariýama çykmak bilen öz 99 ýaşyny belledi.
Fudzi Honsýu adasyndaky işjeň wulkan we Ýaponiýanyň iň beýik dagydyr. Onuň beýikligi 3776 metre ýetýär.


düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....