Angliýada rim esgerine degişli bolan ýaşy 2000 ýyllyk başgap dikeldildi

  • 25.08.2025 13:01
  • 5.6k+

Angliýadaky Bolton muzeýinde ýaşy 2000 ýyl töweregi bolan ýüpekden ýasalan başgaby dikeltmek işleri tamamlandy. Ony rimli esger geýipdir. Dünýäde şeýle görnüşli diňe üç nusga saklanyp galypdyr: biri Mançesterde, beýlekisi Florensiýada, üçünjisi bolsa Boltonda ýerleşýär diýip, muzeý habar berdi.

Başgabyň taryhy biziň eýýamymyzyň takmynan 200-nji ýyllaryna degişli. Ol Müsürde tapylypdyr. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu baş geýim rimli esger üçin, eýýäm Kleopatra ölenden soň, ýagny b.e.ö. 30-njy ýylda Müsür Rim imperiýasynyň düzümine girenden soň ýasalypdyr. Ol gaty ýüpekden ýasalyp, Gün şöhlesinden we gum ýellerinden gorapdyr.


Eksponat ilkinji gezek 1911-nji ýylda arheolog Uilýam Metýu Flinders Pitri tarapyndan sowgat edilip, Çedwik muzeýine, soň bolsa Bolton muzeýine tabşyrylypdyr. Ýüz ýyl töweregi wagtyň dowamynda başgapda uly zeper ýetmeler ýüze çykypdyr: ol ýygrylyp, kerepläpdir.

«Möýleriň zaýalan ýerlerinde ýüpegiň käbir bölekleri ýetmeýärdi, ýöne el bilen reňkläp taýýarlanan meňzeş matanyň kömegi bilen şol ýerler berkidildi we başgabyň ilkinji görnüşi dikeldildi. Şeýlelikde, öň çüýräp, ýasy görnüşde gutuda ýatan zat täzeden janlandy. Bu başgap geýmek üçin döredilipdir, emma ol bize ony kimiň ýasandygy we kimiň geýendigi barada gürrüň berip bilse, örän gyzykly bolardy» diýip, gaýtadan dikeldiji Jeki Haiman paýlaşdy.

Ylmy işgärleriň bellemegine görä, organiki materiallardan ýasalan eşikler köplenç şeýle uzak wagtlap saklanyp galmaýar. Şonuň üçin bu tapyndy rimlileriň imperiýanyň çetlerinde ýaşan wagtyndaky durmuşlaryny, howa şertlerinden goranyşlaryny we däp-dessurlaryň garyşmagyny öwrenmekde möhüm maglumat berýär.
Häzirki wagtda başgap muzeýiň müsür galereýalarynyň giriş ýerinde görkezilýär, sentýabr aýynda bolsa hemişelik ekspozisiýa ýerleşdiriler.


düýn 11:37
4.2k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
3.1k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.7k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.4k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......