Netflix dürli ýyldyzlar üçin filmleriň we seriallaryň sanawyny düzdi

  • 23.08.2025 18:29
  • 3.7k+

Netflix akym hyzmaty täze funksiýany hödürledi: indi ulanyjylar ýörite ýyldyzlar boýunça saýlanan filmleriň we seriallaryň sanawyny tapyp biler diýip, Variety neşiri habar berýär.

Sünbüle, Eset we Akrap üçin ilkinji saýlamalar geljek dynç günlerinde platformanyň agzalarynyň baş sahypalarynda peýda bolar. Bu 23-nji awgustdan 22-nji sentýabr aralygynda dowam etjek Sünbüle möwsüminiň başlanmagyna gabat getirildi.
Netflix täze ýygyndylar tomaşaçylara özi üçin katalogda täze we gyzykly bir zady tapmaga kömek eder diýip pikir edýär. Olaryň arasynda “Ägä boluň, Merkuriý retrogradda” atly aýratyn sanaw hem bolar.
Ýygyndylaryň tematikasy astrologiýa ruhundaky atlara eýe boldy:

  • ·“Sünbüle elmydama hysyrdyly”
  • ·“Mizan söýgüde we söweşde adalatly oýnaýar”
  • ·“Akrap syrlardan lezzet alýar”
  • ·“Kowus başdangeçirme döredýär”
  • ·“Jedi başlyk režimine geçýär”
  • ·“Daluw – başga bir dünýäniň jandary”
  • ·“Hut arzuwlary hasyl edýär”
  • ·“Hamal bulam-bujarlygy we bäsdeşligi gowy görýär”
  • ·“Sowur – kompaniýanyň ýüregi”
  • ·“Jöwza çaý dökýär”
  • ·“Seretan, islese, aglar”
  • ·“Esetde baş gahrymanyň energiýasy bar”.

Mysal üçin, Jöwza üçin saýlamalarda “Brijertonlar” bolar. Seretanlara bolsa “Jinni we Jorjiýany” we “Gyzlar Gilmory” görmek teklip ediler. Esetler “Emili Parižde” we “Täç”, Kowuslar bolsa “Diri galmak” we “Ýura eýýamynyň seýilgähi” filmlerine tomaşa edip biler.


şu gün 14:57
281

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

şu gün 08:26
3.4k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
959

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......