3.9k+

Toyota tebigatda işjeň dynç alyş üçin Corolla Cross ulagyny görkezdi

Toyota kompaniýasy SEMA amerikan sergisi üçin öz týuning taslamasyny hödürledi. Ulag üçin esas hökmünde Corolla Cross gibrid krossoweri alyndy we ol birnäçe aksessuarlaryň kömegi bilen başdangeçirmeler hem-de tebigatda işjeň dynç alyş üçin niýetlenen awtomobile öwrüldi...

7.2k+

Toyota iň kiçi Land Cruiser ulagyny hödürledi

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada Land Cruiser hatarynda täze modeli – FJ indeksli ykjam SUV ulagyny hödürledi. Onuň üçin at üç ýyl ozal önümçilikden aýrylan ulagdan alyndy. Awtoulag hataryň uly wekilleriniň dogumly keşbini saklady, ýöne göwrüm taýdan has kiçi boldy: uzynlygy – 4575 mm, ini – 1855 mm, beýikligi – 1960 mm, teker bazasy bolsa – 2580 mm bolup, bu Prado-dan 270 mm gysgadyr...

2.6k+

Porsche kompaniýasyna onuň öňki işgäri, ozal Ferrari bilen McLaren-de işlän hünärmen ýolbaşçylyk eder

Porsche AG-yň Synçylar geňeşi täze baş direktor hökmünde kompaniýada ozal ýokary wezipeleri eýelän Mihael Leýtersi belledi. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda wezipä girişer. Ondan öňki ýolbaşçy, soňky on ýylyň dowamynda premium brende ýolbaşçylyk eden Oliwer Blýume tutuş Volkswagen toparynyň baş direktory wezipesini saklap galar...

3.1k+

Toyota Crown Kluger 2026 – täze tehnologiýaly krossower tanyşdyryldy

Toyota kompaniýasy Hytaýda Crown Kluger 2026 krossoweriniň täze neslini tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 40 000 – 46 500 dollar aralygynda bolar. Täze krossower alyjylara iki görnüşde hödürlener: 2,0 litrlik benzinli hereketlendiriji, 2,5 litrlik gibrid ulgam bilen enjamlaşdyrylan wersiýalar...

5k+

Hytaýda kislorod işläp çykarýan krossower döredildi

Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy içerki bazarda täze D19 krossowerini hödürledi. Modeliň esasy aýratynlygy daglyk sebitlerde gezelenç wagty ulanmak üçin niýetlenen kislorod generatorynyň bolmagydyr. Onuň öndürijiligi minutda 8 litre barabar...

4.5k+

Ýewropada täze Toyota RAV4-üň satuwy başlady: bahalar 42,8 müň ýewrodan başlaýar

Ýewropada täze, altynjy nesil Toyota RAV4 ulagynyň satuwy başlandy. Esasy wersiýa üçin baha 42,8 müň ýewrodan başlaýar. Italiýada bolsa ony aýda 299 ýewro töleg bilen satyn alyp bolýar. Model täze dizaýna eýe boldy: uly radiator gözenegi, C şekilli faralar, kuzowyň relýef gapdallary we 20 dýuýmlyk tigir diskleri...

17k+

Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny ýüzüp geçdi

Chery kompaniýasynyň suwda ýüzýän Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny özbaşdak kesip geçen ilkinji awtomobil hökmünde taryha girdi. Ulag iki kenaryň arasyndaky 1480 metr aralygy geçip, munuň üçin 22 minut sarp etdi diýip, CarNewsChina habar berýär...

7.9k+

Ford ulaglary ýel goýberen tekerlerini domkratsyz özbaşdak çalşyp biler

Ford kompaniýasy ýelini goýberen tekerleri anyklap, olary çalyşmaga kömek etjek ulgam üçin patent almaga arza berdi. 0319733 belgili arza 2024-nji ýylyň ýazynda tabşyryldy, ýöne diňe häzir çap edildi. Ulgam tekerde basyşyň pese gaçandygyny hasaba alýan sensorlary ulanýar...

3.5k+

Yamaha özi hereket edýän we adamyň hereketlerine düşünýän motosikli döretdi

Yamaha kompaniýasy Motodroid 2 konseptini hödürledi. Bu deňagramlylygy saklap, adamyň kömegi bolmazdan hereket edip, sürüjisiz ýöräp bilýän motosikldir. Model özbaşdak aýaga durup, ony ýygnap bilýär, şeýle-de adama motosikliň üstünde dik, ýarym ýatan ýaly dürli ýagdaýda oturmaga mümkinçilik berýär...

3.1k+

Mitsubishi indiki ýyl täze Outlander-iň çykjakdygyny tassyklady

Mitsubishi ýapon awtokonserniniň Demirgazyk Amerikadaky bölümi 2026-njy ýylda meşhur Outlander krossoweriniň doly täze, hakykatdan-da ýolsuz ýerlere niýetlenen görnüşini hödürlejekdigini tassyklaýardy. 2025-nji ýylda çykarylan Outlander Trail Edition modelinden soň, kompaniýa indiki ädim hökmünde doly wnedorožnik mümkinçiliklerine eýe bolan täze modifikasiýany döretmek kararyna geldi...

2k+

Ford ABŞ-da kemer bilen bagly näsazlyk sebäpli tas 625 müň ulagy yzyna gaýtarýar

Ford amerikan awtoöndürijisi ABŞ-da tas 625 müň ulagyň yzyna gaýtarylýandygyny habar berdi. Munuň sebäbi howpsuzlyk kemeriniň we yzyny görkezýän kameranyň monitorynyň işindäki näsazlyk boldy diýip, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasyna (NHTSA) salgylanyp, Reuters habar berýär...

3.6k+

Mitsubishi Tokioda syýahat üçin gibrid krossower-kemperini görkezer

Mitsubishi kompaniýasy 29-njy oktýabrda Tokioda açyljak Japan Mobility Show sergisinde täze konseptiniň premýerasyna taýýarlanýar. Öndüriji asfaltsyz ýollardan uzakda syýahat etmek we şol bir wagtyň özünde-de ýaşamak üçin döredilen synag awtomobilini, ähtimal, krossowerini görkezer...

8.4k+

Toyota dünýäniň iň gymmat awtomobil brendi diýlip ykrar edildi

Interbrand konsalting kompaniýasy dünýä brendleriniň bahasynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Iň gymmat awtomobil brendi ýene-de Toyota boldy, ol umumy reýtingde altynjy orny eýeledi. Ýapon awtoulag ägirdi diňe iri IT kompaniýalaryndan yza galdy...

5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...

3.7k+

Yamaha doly dolandyrylýan şassili trisikl döretdi

Ýaponiýanyň Yamaha kompaniýasy üç tigirli Tricera ulagynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Täze modeliň esasy aýratynlygy — üç tigriniň ählisiniň hem dolandyrylmagyny üpjün edýän ulgamdyr. Prototip şu aýyň ahyrynda Tokioda geçiriljek Japan Mobility Show sergisinde ilkinji gezek görkeziler...

4k+

Jeep täzelenen Grand Wagoneer 2026 ulagyny hödürledi

Jeep 2026-njy ýylyň Grand Wagoneer ulagyny hödürledi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu ulag nusgawy amerikan stilini döwrebap tehnologiýalar we gibrid ulgam bilen utgaşdyrýar. Täze nesil Wagoneer bilen Grand Wagoneer modellerini düýbünden täze dizaýna we giňeldilen mümkinçiliklere eýe bolan bir awtomobile birleşdirýär...

2.6k+

Ford ilkinji gezek şahsy kolleksiýasyndan awtomobil satar

Ford Motor kompaniýasy taryhynda ilkinji gezek öz kolleksiýasyndaky awtomobilleriň birini satmak kararyna geldi. 18-nji oktýabrda geçiriljek Barrett-Jackson auksionyna 2006-njy ýylyň 3-nji belgili Ford GT Heritage Edition modeli çykarylar...

2.9k+

Meksikadaky BMW zawody 6 ýylda ýarym million awtomobil görkezijisine ýetdi

BMW-niň Meksikanyň San-Luis-Potosi şäherindäki zawody möhüm sepgide ýetdi – konweýerden ýarym millionynjy awtomobil çykdy. Bu üstünlik zawod resmi taýdan açylandan bary-ýogy alty ýyldan soň gazanyldy. Ýubileý awtomobil M2 modeli üçin eksklýuziw bolan mahmal-gök reňkli BMW M2 CS boldy...

7.9k+

Lexus özüniň LS sedanyny üýtgeşik alty tekerli miniwene öwürdi

Lexus soňky ýyllarda iň üýtgeşik konseptleriň birini – alty tekerli LS elektrik miniwenini görkezmäge taýýarlanýar. Kaşaň LS sedanynyň ornuna gelen model Japan Mobility Show 2025 sergisinde hödürlener we kompaniýanyň geljegiň rahatlygyna hem zynatyna garaýşyny görkezer...

4.7k+

Capricorn 3 million ýewrolyk 01 Zagato giperkaryny tanyşdyrdy

Awtoulag şaýlaryny öndüriji meşhur Capricorn kompaniýasy ilkinji giperkaryny — 01 Zagato modelini görkezdi. Täze ulag Italiýanyň meşhur Zagato dizaýn atelýesi bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Model nusgawy dizaýny häzirki zaman tehnologiýasy bilen utgaşdyrýar we ol kolleksionerler hem-de awtoulag muşdaklary üçin niýetlenendir...

17k+

Dünýäde iň köp satylan ulag Corolla bolmasa-da, ýene-de Toyota boldy

Focus2move analitik portaly tarapyndan 162 ýurtdan ýygnalan maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda dünýäde iň köp satylan awtoulag Toyota RAV4 boldy. Krossoweriň satuwy 1,1% ýokarlandy, bu hem täze nesliň yglan edilmegine garamazdan, modeliň iki orun ýokary galmagyna mümkinçilik berdi...