Alfa Romeo we Maserati sargyt esasynda ultra eksklýuziw ulaglary döredip başlar

  • 16.11.2025 16:06
  • 1.3k+

Alfa Romeo we Maserati italýan brendleri giň şahsylaşdyrma mümkinçilikleri bolan özboluşly awtoulaglary döretjek Bottegafuoriserie bilelikdäki maksatnamanyň amala aşyrylyp başlanandygyny habar berdiler. Täze bölüm “duýgularyň ussahanasy” hökmünde orun alýar, bu ýerde ulaglar adaty dizaýnyň we inženerçiligiň çäginden çykýar.

Kompaniýanyň wekilleri Bottegafuoriserie-niň italýan kuzowçylyk däplerini häzirki zaman tehnologiýasy bilen utgaşdyryp, müşderilere özboluşly, ýeke-täk ulag hödürleýändigini bellediler. Şeýle hem, bu maksatnamanyň çäklerinde diňe birnäçe sanysy öndüriljek awtoulaglary aňladýan "few-off" modelleri öndürmegi meýilleşdirýär.
Ilkinji taslamalaryň arasynda Alfa Romeo 33 Stradale we Maserati MCXtrema kupeleri, şeýle hem meşhur 33 Stradale-iň ruhy mirasdüşeri boljak täze çäkli neşirdäki GT bar. Her bir awtoulag elde ýygnalyp, hereketlendirijiniň ölçeglerinden başlap, içki bezege çenli eýesiniň isleglerine görä düzüler.
Bottegafuoriserie täze şassi, güýç gurluşlary we geljekki modeller üçin aerodinamiki çözgütleri işläp taýýarlajak Maserati Corse ýaryş bölümini hem öz içine alar.

düýn 19:45
1.1k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

düýn 09:17
1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.5k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....