Döwrebap dizaýnly täze Nissan Sentra 23,6 müň dollardan satylýar

  • 16.11.2025 16:42
  • 5.2k+

Nissan kompaniýasy ABŞ-da dokuzynjy nesil Sentra sedanynyň satuwyna başlady. Başga bazarlarda bu model Sylphy hökmünde bellidir.

Awtomobiliň daşky görnüşi doly täzelendi, interýer has döwrebap boldy, ýöne platforma we hereketlendiriji öňküligine galdy.
Täze ulag V şekilli radiator gözenegi, inçe yşyk diodly çyralary we brendiň soňky modellerine mahsus bolan sport stili bilen has dinamiki keşbe eýe boldy.  
Salonda 12,3 dýuýmlyk merkezi ekran we 7 dýuýmlyk sanly enjam paneli bilen Nissan Connect multimedia ulgamy oturdyldy. Simsiz Apple CarPlay we Android Auto goldawy hem bar, tutuş optika bolsa yşyk diodlydyr.
Ulag S, SV, SR we SL ýaly dört wersiýada hödürlenýär, bahalar 23 645 dollardan 29 235 dollara ýetýär.
SL flagman görnüşi ProPilot Assist ulgamy, adaptiw kruiz-dolandyryş, intellektual tormoz ulgamy we töwerekleýin syn tehnologiýasy bilen enjamlaşdyryldy. Interýer romb görnüşli nagyşlar bilen TailorFit deri oturgyçlary we sekiz dinamikli Bose audioulgamy bilen tapawutlanýar.
Sentra-nyň ähli wersiýalary 149 at güýjüni berýän 2,0 litrlik benzin hereketlendirijisini aldy. 


08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.4k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.7k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....