Täze Toyota GR Corolla 400 a.g. hereketlendirijisini alar we silindrini artdyrar

  • 11.11.2025 15:27
  • 8.8k+

Toyota indiki nesil GR Corolla hetçbeginde 1,6 litrlik turbinaly üç silindrli hereketlendirijini 400 a.g. kuwwatly täze dört silindrli hereketlendiriji bilen çalyşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Carscoops neşiri ýazýar.

Japan Mobility Show 2025 sergisinde kompaniýa täze Corolla-nyň konseptini we birnäçe täze hereketlendirijileri görkezdi. Olaryň arasynda 2,0 litrlik turbinaly dört silindrli hereketlendiriji tapawutlanýar. Ol häzirki üç silindrli hereketlendiriji bilen deňeşdirilende has ykjam, netijeli we gurluş taýdan ýönekeýdir.
Toyota-nyň güýç enjamlarynyň ýolbaşçysy Takaşi Uýehara täze hereketlendirijiniň diňe bir kuwwatly däl-de, eýsem önümçilikde aňsatdygyny, şeýle-de inženerleriň häzirki üç silindrli hereketlendirijini döretmekde ýüzbe-ýüz bolýan wibrasiýa meselelerini aradan aýryp, has saz işleýändigini belledi.
Kompaniýa GR Corolla-nyň indiki nesliniň boljakdygyny nygtady. Tehniki müdir Hiroki Nakajima Toyota-nyň içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri ileri tutmagy dowam etdirýändigini we uglerod taýdan bitarap ýangyjy ulanmak mümkinçiligini hem öwrenýändigini belledi. 


07.06.2026 19:49
2.7k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.1k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....