Xiaomi-niň prezidenti Germaniýanyň awtobanlarynda SU7 Ultra-ny özi synagdan geçirdi

  • 08.11.2025 17:02
  • 7.6k+

Xiaomi Group-yň prezidenti Lu Weýbing Germaniýada Xiaomi SU7 Ultra flagman elektromobiliniň iki günlük synagyny geçirdi. Ol Berlin-Gamburg we Gamburg-Frankfurt ugurlary boýunça, takmynan, 800 km geçdi. Kompaniýa 2027-nji ýylda Ýewropanyň elektromobil bazaryna çykmaga taýýarlanýar.

Lu Weýbing Germaniýada zarýad stansiýalarynyň infrastrukturasynyň ösendigini belledi. Ol SU7 Ultra-nyň stansiýalarda ünsi özüne çekendigini, käbir adamlaryň bolsa modeli adyndan tanandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu Germaniýanyň käbir ýerlerinde tizlik çäklendirmesi bolmadyk awtobanynda ilkinji sürüş tejribesi boldy. Synag wagty elektromobil tizligini 260 km/sag çenli artdyrdy we ýolda durnuklylygy saklady.
SU7 Ultra modeli 93,7 kWt/sag we 897 W CATL Qilin II akkumulýatoryny aldy, bu hem bir zarýadda CLTC sikli boýunça 630 km çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. 100 km/sag çenli tizligi artdyrma 1,98 sekunt wagt alýar, iň ýokary tizlik 350 km/sag ýetýär.
Şeýle-de, kompaniýa Xiaomi-niň awtomobil bölümçesiniň 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde girdeji gazanmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. 


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....