Hytaý krossoweri iň uzak aralyga ýöreýän gibrid hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 11.11.2025 12:37
  • 6.2k+

Hongqi kompaniýasy öz täze HS6 gibrid krossoweriniň dünýäde iň uzak aralyga ýöreýän zarýad berilýän gibrid wnedorožnik hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini mälim etdi. Bu barada Autohome portaly habar berýär.

Synag marşruty 30-njy oktýabrda Şangri-La şäherinden başlap, 3-nji noýabrda Guançžouda tamamlandy. Ýoluň jemi dowamynda Hongqi HS6 PHEV goşmaça ýangyç guýmazdan we zarýad bermezden 2327,343 kilometr aralygy geçmegi başardy.
Täze krossower satuwa iki görnüşde çykarylar: öňi hereketli (FWD) we doly hereketli görnüş bilen (AWD). Jemi kuwwaty görnüşine baglylykda 228 ýa-da 502 at güýjüne ýetýär. Iki görnüşde-de 150 at güýjüni we 225 Nm tork öndürýän 1,5 litrlik turbo benzin hereketlendiriji ulanylýar. Batareýanyň kuwwatyna görä, diňe elektrik hereket ätiýaçlygy 152–250 kilometr, umumy ýöreýiş aralygy bolsa 1650 kilometre çenli bolup biler.
Modeliň bahasy entek mälim edilmedi. Hytaýda resmi satuwlaryň 15-nji noýabrda başlanmagyna garaşylýar.
Ozal bu rekord Chery Fulwin A8L modeline degişli bolupdy – öndürijiniň maglumatlaryna görä, ol 2369,915 kilometr ýol geçipdir.


24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....