Toyota 4Runner 2026 tanyşdyryldy: üýtgeşme az, emma baha galdy

  • 09.11.2025 20:44
  • 8.7k+

Toyota kompaniýasy täzelenen 4Runner 2026 wnedorožniginiň bahasyny resmi taýdan mälim etdi diýip, Carscoops habar berýär.

Esasy SR5 wersiýasy indi 41 570 dollar durýar — bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 800 dollar köp. Ulagy eltip bermek hyzmatynyň bahasy hem 1495 dollara çenli ýokarlandy (öň 1450 dollar boldy).
Iň ýokary TRD Pro wersiýasy has köp — 1000 dollar gymmatlap, häzirki wagtda 67 900 dollar bolup durýar. Beýleki bezeg derejeleriň bahasy ortaça 800 dollar ýokarlandy.
Ýakynda täze dizaýn alanlygy sebäpli, 2026-njy ýylyň modelinde tehniki we daşky üýtgeşmeler köp däl. Esasy täze aýratynlyk — i-Force Max gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylan TRD Off-Road Premium wersiýasy üçin elýeterli bolan Stabilizer Disconnect ulgamy. Bu ulgam ulagyň sebit ýerlerinde geçijiligini ýokarlandyrmaga kömek edýär.
SR5 wersiýasy aşakdaky enjamlar bilen gelýär:

  • LED optika,
  • 17 dýuýmlyk tekerler,
  • 7 dýuýmlyk gurallar paneli,
  • 8 dýuýmlyk multimediýa ekrany,
  • 8 dinamikli ses ulgamy,
  • Adaptasiýa kruiz dolandyryşy,
  • Görünmeýän zolaklara gözegçilik ulgamy,
  • Dyknyşykda kömekçi ulgamy.

Kapotyň astynda — 278 at güýjüni öndürýän 2,4 litrlik turbo hereketlendiriji, 8 tizlikli awtomat bilen jübütlenýär.
TRD Pro wersiýasy has baý enjamlaşdyrylan:

  • ýörite ýylpyldysyz gara 18 dýuýmlyk diskler,
  • sport gaz çykaryş ulgamy,
  • gorag plastinalary,
  • lýuk,
  • gyzdyrylýan deri rul,
  • şemalladylýan oturgyçlar,
  • goşa zolakly howa gözegçilik ulgamy,
  • simsiz zarýad beriji,
  • sanly yza serediji aýna,
  • 12,3 dýuýmlyk panel,
  • 14 dýuýmlyk multimediýa ekrany.

i-Force Max gibrid ulgamy 326 at güýjüni öndürýär we ähli teker hereketlenmesine (AWD) eýedir.
ABŞ-da Toyota 4Runner 2026-nyň satuwy ýylyň ahyrynda başlanar.


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......