Hytaýda 17 müň dollardan Hyundai Mufasa 2026-nyň satuwa başlandy

  • 13.11.2025 11:02
  • 6.5k+

Hytaýda Hyundai Mufasa 2026 täze ykjam krossoweriniň satuwy başlandy. Model üç görnüşde hödürlenýär, onuň bahasy 121 800 – 142 800 ýuan aralygynda bolup, bu takmynan 17 100 – 20 000 amerikan dollaryna deňdir.

Ähli wersiýalarda 2,0 litrlik, 160 at güýjüni öndürýän hereketlendiriji we alty tizlikli awtomatiki geçiriş oturdylan.
2026-njy ýylyň esasy üýtgeşmesi ulagyň salon dizaýnynda görünýär. Indi gurallar paneli dolulygyna sanly görnüşe geçdi: öň 4 dýuýmlyk bolan ekran 12,3 dýuýma çenli ulaldy. Şeýle hem öňdäki panelde iki sany uly ekran ýerleşdirildi, bu bolsa býujet krossoweriniň içini has döwrebap edýär.
Täze Mufasa-nyň enjamlaşdyrylyşy öň we yzky duralga datçikleri, öňdäki kamerany, zolagy çalyşmak duýduryş ulgamyny hem-de panoramiki üçegi öz içine alýar.
Ulagyň teker diskleriniň ululygy 16–17 dýuým aralygynda bolup, täze Mufasa elýeter bahasy bilen birleşen döwrebap tehnologiýalary hödürleýär.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......