Toyota kuwwaty 400 at güýji bolan iki sany 2,0 litrlik hereketlendirijiden täze V8 döredýär

  • 08.11.2025 07:58
  • 4.2k+

Toyota benzinli hereketlendirijilerden ýüz öwürmäge gyssanmaýar. Kompaniýa täze V8 hereketlendirijisini işläp taýýarlaýandygyny resmi ýagdaýda tassyklady. Ol ilki bilen GR GT3 trek superkarynda peýda bolar, soňra bolsa onuň uýgunlaşdyrylan görnüşi Lexus Sport Concept modeli üçin ulanylar.

Japan Mobility Show 2025-de Toyota-nyň güýç ulgamyna jogapkär ýolbaşçysy Takaşi Uehara täze hereketlendirijiniň 2,0 litrlik 400 at güýjüne eýe bolan turbo hereketlendirijiniň arhitekturasyna esaslanýandygyny aýtdy.
Resmi däl maglumatlara görä, bu 4,0 litrlik goşa turbaly V8 800 at güýjünden hem ýokary kuwwaty öndürip biler.
GR GT3 superkary awtomat geçirişli öz-özi zarýad alýan gibrid bolýar.
Lexus Sport Concept bolsa “ýumşak gibrid” ulgamy bilen hödürlenýär we eýýäm doly taýýar interýer bilen sergide görkezildi.

Toyota täze hereketlendiriji we GR GT3 barada giňişleýin maglumatlary 5-nji dekabrda superkaryň resmi tanyşdyrylyşy wagtynda aýtmaga wada berýär.


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......