Mitsubishi kaşaň Elevance konsepti bilen tanyşdyrdy: wnedorožniklere täzeçe çemeleşme

  • 08.11.2025 07:21
  • 4.3k+

Mitsubishi kompaniýasy Japan Mobility Show 2025 sergisinde üç hatarly täze Elevance konseptual wnedorožnigini görkezdi.

Geljekde Pajero Sport modeline täsir edip biljek bu konsept, dört elektrik hereketlendirijisi we kompaniýanyň S-AWC ähli tekerleri hereketli ulgamy bilen işleýän plugin-gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Elevance uglerod-bitrap ýangyçda işleýär.
Salonda tekiz pol we aýlanýan oturgyçlar arkaly öý myhman otagyna meňzeş giňişlik döredilýär. Gurallar paneli bir bitewi giň ekran şekilinde ýerine ýetirilen. Akylly kömekçi Co-Driver bolsa sürüjä ýedi sürüş režiminiň (şol sanda Power we Mud) arasyna aňsat geçmäge ýardam edýär.
Model glemping (lýuks düşelge) üçin niýetlenen ýatalga, kiçi aşhana we duş bilen enjamlaşdyrylan ýörite tirkeg bilen hödürlenýär. Kuwwatly batareýa bolsa uzak ýerlerden elektrik enjamlaryny işletmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem şol sergide täzelenen Mitsubishi Delica D:5 görkezildi. Täze Delica giňeldilen ganatlary, täzelenen panjarasy we has haýbatly görnüşi bilen “jip” stiline golaýlaşdy. Model dört sürüş režimini (Eco, Normal, Gravel, Snow) hem-de ýola uýgunlaşýan S-AWC ulgamy aldy.


05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

02.06.2026 20:53
4.9k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....

03.03.2026 16:26
5.5k+

Mitsubishi-niň täze krossoweri nykaplanan Nissan Leaf bolup çykdy

Internetde hakykatdanam täze Nissan Leaf-iň esasynda döredilen nykaply Mitsubishi elektrik ulagynyň suratlary peýda boldy. Kompaniýa ozal şu ýazda Leaf-iň platformasynda öndürilen ikinji önümçilik elektrik ulagyny hödürlejekdigini tassyklapdy...

16.01.2026 16:46
3.3k+

Mitsubishi dünýä bazary üçin Nissan Rogue krossowerini we Navara pikapyny ýygnap başlady

Mitsubishi Motors kompaniýasy Nissan brendi üçin iki modeliň önümçiligine başlady. Bu birikdirilýän gibrid enjamly Nissan Rogue krossoweri we Nissan Navara pikapydyr. Rogue plug-in hybrid ulagynyň önümçiligi 12-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň Okadzaki şäherindäki Mitsubishi zawodynda başlady...