Ford Bronco Heritage Edition 2026 – täze hereketlendiriji we awtomatiki geçiriş hödürlendi

  • 12.11.2025 09:07
  • 3.7k+

Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň täzelenen Bronco hataryny tanyşdyrdy. Täze ýylyň modeli üçin Heritage Edition wersiýasyna täze hereketlendiriji we awtomatiki geçiriş ulgamy goşuldy.

Indi retro görnüşli wnedorožnigi 2,3 litrlik EcoBoost I4 turbo hereketlendiriji bilen we 10 tizlikli awtomat geçiriş bilen sargyt edip bolýar. Ozal bu hereketlendiriji diňe 7 tizlikli mehaniki geçiriş bilen elýeterli bolup, awtomat geçiriş diňe 2,7 litrlik V6 görnüşinde bar bolan modellerde ulanylýardy. Indi bolsa awtomat ähli esasy görnüşlerde — Base, Big Bend, Outer Banks we Heritage Edition — elýeterli bolar.
Ilkinji gezek 2023-nji ýylda görkezilen Ford Bronco Heritage Edition, asyl Bronco-nyň häsiýetli aýratynlyklaryny saklaýar. Ol iki öwüşginli boýagly kuzowa, retro görnüşli disklere we wintaž stilinden ylham alan interýere eýe. Bu wersiýa häzirki zaman tehnologiýasy bilen birleşen nusgawy wnedorožnik görnüşine ähmiýet berýänler üçin niýetlenendir.


09.05.2026 09:12
2.1k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....

24.04.2026 18:17
2.4k+

Ford-yň syrly Mustang modeli Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy

Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....

24.04.2026 10:28
5.2k+

Ford we Linkoln kompaniýalary awtoulaglary yzyna çagyrmakda öňdeligi eýeleýärler, olaryň tas 20 million awtoulagy yzyna çagyryldy

Amerikanyň Ford awtoulag öndürijisi yzyna çagyran awtoulaglarynyň sany boýunça öňdeligi eýeledi. iSeeCars seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprelinden 2026-njy ýylyň martyna çenli......