Täze Ford F-250 dünýäde iň çalt dizel pikap boldy

  • 13.11.2025 10:50
  • 5.5k+

Täze Ford F-250 Super Duty dünýäde iň çalt dizel pikaby bolup, täze rekord goýdy. 6,7 litrlik Power Stroke V8 hereketlendirijisi bilen işleýän High Output wersiýasy 500 at güýjüni we 1626 Nm torky öndürýär.

Bu äpet pikap bary-ýogy 5,5 sekuntda 100 km/sag tizlige çykýar — bu görkeziji Honda NSX sport awtoulagynyň netijesi bilen deňdir. Deňeşdirmek üçin, 2020-nji ýylyň F-250 modeli şol tizlige 6,1 sekuntda çykyp bilýärdi, meşhur F-150 Lightning bolsa, kompressora garamazdan, 0,3 sekunt haýal.
Bu täsin netijä 36 000 PSI basyşly gowulandyrylan ýangyç ulgamy, täze polat kollektorlar we suw bilen sowadylýan turbo güýçlendiriji kömek edipdir.
Agramy 3 tonna töweregi bolan F-250 doly bahaly iş pikaby bolmagynda galyp, 2026-njy ýylyň sport awtoulaglaryna laýyk dinamika görkezýär. Ulagda 10 tizlikli awtomatiki geçiriş, ähli tekerleri hereketlendiriji ulgam hem-de häzirki zaman aragatnaşyk we nawigasiýa tehnologiýalary bar.
Täze model elektrik we gibrid ulaglaryň döwründe-de dizel hereketlendirijileriniň bäsleşige ukyply bolup biljekdigini subut edýär. Ol kuwwaty, tehnologiýany we täsir galdyryjy tizligi bir ýerde jemleýär.


12.05.2026 14:52
2.2k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

09.05.2026 09:12
2.1k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....

24.04.2026 18:17
2.4k+

Ford-yň syrly Mustang modeli Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy

Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....