Mercedes-Benz benzinli hereketlendirijili CLA-nyň peýda bolandygyny mälim etdi

  • 14.11.2025 11:23
  • 4.4k+

Mercedes-Benz CLA-nyň üçünji nesli şu ýyl ýazda elektrik ulag hökmünde tanyşdyrylyp, Hytaý bazary üçin uzaldylan ýygnama bilen çykypdy. Indi bolsa modeliň benzin bilen işleýän — has takygy, gibrid görnüşi hem elýeterli boldy. Nemes kompaniýasy Ýewropada täze CLA gibridleriniň sargytlarynyň badalga alandygyny habar berdi.

Täze benzin-elektrik wersiýasy 1,5 litrlik turbokompresorly dört silindrli hereketlendiriji we 1,3 kW·s göwrümli litiý-ion batareýasyndan güýç alýan 30 at güýjündäki elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan sekiz tizlikli goşa ssepleniýaly geçiriş ulgamy (8F-eDCT) bilen birleşdirilýär.
Komplektasiýasyna baglylykda umumy kuwwat: 156 at güýji184 at güýji ýa-da 211 at güýji bolup biler.
CLA modeli öňden çekijili görnüşde hem 4Matic ähli tekerleri hereketlendiriji ulgamy bilen hem teklip edilýär.
CLA 180 (öňden çekijili) 0–100 km/sag tizlige 8,8 sekuntdaCLA 220 4Matic bolsa 7,1 sekuntda çykýar.
Garyşyk siklda ortaça ýangyç sarp edilişi 100 km üçin takmynan 5 litr. Şäher şertlerinde ulag diňe elektrik hereketlendirijisiniň hasabyna hem ýöremäge ukyply.
Daşky görnüşde gibrid CLA elektrik görnüşine meňzeýär. Tapawutlary nusgawy hromly kese zolakly radiator gözenegi hem-de onuň aýratyn yşyklandyrylyş ulgamy.
Modeliň bahasy 46,2 müň ýewrodan 54,2 müň ýewro aralygynda üýtgeýär.


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.5k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......