Toyota sürüjilere ulaglarynyň maglumatlary esasynda pul gazanmak mümkinçiligini hödürleýär

  • 14.11.2025 10:15
  • 7.6k+

Toyota kompaniýasy awtoulag eýelerine ulaglarynyň toplan maglumatlaryny paýlaşan ýagdaýynda sylag almaga mümkinçilik berýän ulgamy döretdi. Patente görä, awtoulag maglumatlaryny kompaniýa geçirýär, şol ýerde-de ol seljerilýär we howpsuzlygy hem-de awtonom sürüjilik tehnologiýalaryny gowulandyrmakda ulanylýar. Eger maglumat peýdaly bolup çyksa, eýesi töleg alýar.

Maglumatyň gymmaty birnäçe ölçegler – ýol hadysasynyň seýrekliginden başlap, kyn şertlerde ulagyň işleýşine çenli bahalandyrylýar. Mysal üçin, ýoldaky ýabany haýwanyň wideosy ýoluň örtük ýagdaýy ýa-da çukurlary  baradaky maglumatlardan has gymmatly bolup biler.
Toyota maglumatlary ýygnamagyň we paýlaşmagyň diňe ulagyň eýesiniň razylygy bilen mümkindigini we ony islendik wagt yzyna alyp bolýandygyny belleýär. Ýygnalan maglumatlary emeli aňy taýýarlamakda we howpsuzlyk ulgamlaryny gowulandyrmakda ulanmak meýilleşdirilýär.
Bilermenleriň pikirine görä, bu model 2026-njy ýyla çenli awtoulag bazaryny üýtgedip biler: ozal toplanan maglumatlar indi sürüjilere hakyky girdeji getirer.


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......