Toyota täze RAV4 bilen ölüm we heläkçilik ýagdaýlaryny nola getirmegi maksat edinýär

  • 06.11.2025 11:09
  • 3.8k+

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada we ABŞ-da satuwa çykýan doly täzelenen RAV4 krossowerini hödürledi. Model brendiň geljegiň mümkin boldugyndan iň ygtybarly awtomobillerini döretmäge gönükdirilen “Nol pida, nol heläkçilik” atly täze konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädim boldy.

Täzelenen RAV4-de markanyň esasy tehnologiýa täzelikleri peýda boldy: 5G goldawy, kämilleşdirilen ses dolandyryş ulgamy, “howa arkaly” programma üpjünçiligini täzelemek mümkinçiligi, şeýle-de Toyota Safety Sense (TSS) howpsuzlyk ulgamlary toplumynyň soňky wersiýasy.
Modeliň esasy inženeri Ýosinori Futonogane kompaniýanyň heläkçiligiň öňüni doly alyp biljek awtomobilleri döretmegi maksat edinýändigini aýtdy. Ol RAV4-üň bu ýolda başlangyç ädimdigini belledi.

“Biz has takyk kabul edişi we has netijeli reaksiýany üpjün eder ýaly bar bolan Toyota Safety Sense ulgamy bilen öňki wersiýalardaky ähli maglumatlary birleşdireris” – diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, Toyota sürüjileriň ýoldan ünsüni sowmazdan köp hereket edip bilmegi üçin ses arkaly dolandyryşy ösdürmek isleýär.
Täzelenen RAV4 diňe bir meşhur krossoweriň restaýlingi hökmünde däl-de, sürüjä kömek ulgamlary bilen sensorlardan we kameralardan alynýan maglumatlaryň intellektual işlenilmegini birleşdirýän täze nesil awtoulaglary üçin esas hökmünde göz öňünde tutuldy. 


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......