“Ýewropada ýylyň awtomobili-2026” baýragynyň finalçylary yglan edildi

  • 05.11.2025 11:54
  • 6.8k+

Ýewropada “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň emin agzalary 2026-njy ýylyň baş tituly üçin finalçylary yglan etdi. Gysga sanawa eýýäm ÝB-niň bazarynda elýeterli bolan ýa-da tiz wagtdan satuwa çykjak ýedi täze model girdi. Sylaglama dabarasy 9-njy ýanwarda Brýusseldäki awtosalonyň çäklerinde geçiriler.







Şeýlelikde, finala Citroen C5 Aircross, Fiat Grande Panda, Mercedes-Benz CLA, Škoda Elroq, Dacia Bigster, Kia EV4 we Renault 4 çykdy.
Bu awtomobiller Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň brendlerinden 36 dalaşgär awtoulagyň arasyndan saýlandy.
Bäsleşigiň emin agzalary ÝB-niň 23 ýurdundan 60 žurnalistden ybarat. Barselonada soňky synaglar geçirilenden soň her bir emin agzasy ýeňijini kesgitlemek üçin iň gowy modelleriň arasynda 25 baly paýlar.
Finalçylaryň käbiri eýýäm bu bäsleşikde tapawutlanyp ýetişdi: geçen ýyl gysga sanawa Citroen, Renault, Dacia we Kia awtomobilleri girdi. Şol wagt eminler ýeňşi birbada iki modele – Renault 5 bilen onuň Alpine A290 wersiýasyna berdi.


düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......