Rolls-Royce spirtde işleýän dünýäde ilkinji gämi hereketlendirijisini döretdi

  • 04.11.2025 18:48
  • 5k+

Häzirki günde deňiz gatnawlary ähli ulag serişdeleriniň arasynda atmosferany esasy hapalaýjy çeşmeleriň biri bolup galýar. Gämileriň aglabasy häzirem dizel ýangyjyny ulanýar, ol bolsa ýanan wagty atmosfera diňe bir kömürturşy gazyny däl, eýsem beýleki köp sanly hapalaýjy maddalary zyňýar. Ekologiýa taýdan has arassa çözgütlere geçmek bolsa tehnologiýa kynçylyklary sebäpli aňsat däl diýip, New Atlas ýazýar.

Rolls-Royce kompaniýasy bu meseläni çözmek kararyna geldi we diňe metanolda işleýän dünýäde ilkinji ýokary öndürijilikli gämi hereketlendirijisini döretdi. Ol Woodward L’Orange we WTZ Roßlau gözleg merkezi bilen bilelikde meOHmare taslamasynyň çäklerinde işlenip düzülýär. Görkezme prototipini şu ýylyň dowamynda hödürlemek meýilleşdirilýär.
Hereketlendirijiniň aýratynlyklary barada maglumat entek ýok. Ýöne taslamanyň dizel ýangyjy bilen metanolyň arasynda geçiş çözgüdi hökmünde döredilýändigi, şol sebäpli hereketlendirijiniň ýangyjyň iki görnüşinde-de işläp biljekdigi belli. Ähtimal, gürrüň Rolls-Royce mtu Series 4000 modeliniň üýtgedilen wersiýasy barada bolup biler.
Metanolda işlemegi üçin hereketlendirijini doly gaýtadan işlemeli boldy. Metanolyň ýokary temperaturada öz-özünden ýanmaýandygy üçin, inženerler ýakma prosesini, turbina ulgamyny we elektron dolandyryşy üýtgetdi. Ýangyjyň ýaglamak ukybynyň pes bolmagy sebäpli, dizel hereketlendirijileri üçin mahsus bolan ýokary basyşly ýangyjy sepmek ulgamy gaýtadan işlendi. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa ýokary ýylylyk netijeliliginiň, kuwwatyň we ygtybarlylygyň saklanandygyny, ulanylyş çykdajylarynyň bolsa pes bolup galýandygyny belleýär.
Metanol ýakylanda uly ekologiýa artykmaçlyklaryny berýär: kükürt, azot oksidleriniň we gurumyň zyňyndylary düýpli azalýar. Ýangyç tebigata zyýan ýetirmezden dargaýar, bu hem onuň saklanmagyny we daşalmagyny aňsatlaşdyrýar. “Ýaşyl” metanol ulanylanda hereketlendiriji CO2 zyňyndylaryny asla goýbermezden işläp biler. Rolls-Royce-yň pikiriçe, şeýle tehnologiýalar deňiz pudagynda islegli bolup, olara maýa goýmak – arassa geljege maýa goýumdyr. 


20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...