Maýamidäki Pagani penthausyny satyn aljaklara üýtgeşik superkar sowgat berler

  • 16.11.2025 16:23
  • 3.1k+

Florida ştatynyň Maýami şäheriniň ajaýyp görnüşli Nort-Beý-Willij etrabynda Italiýanyň Pagani kompaniýasynyň gatnaşmagynda Pagani Residences kaşaň ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar. Onda 28,5 million dollar we 30 million dollar bahasy bolan iki sany köp otagly penthous salyndy. Olary satyn aljaklar üçin taslama ýöriteläp Maýami Edition ýörite wersiýasynda iki sany üýtgeşik Pagani Utopia Roadster superkary taýýarlandy.

Penthauslaryň her biri öýüň iki gatyny (28-nji we 29-njy gatlary) eýeleýär, potoloklaryň beýikligi dört metr, hususy liftleri we Biskeýn aýlagyna bakýan owadan görnüşli giň terrasalary bar. Interýerinde dub, trawertin we ak metal ulanylypdyr. Bu ýerde gymmat bahaly tehnika we premium öý goşlary goýlupdyr.
30 million dollarlyk penthausda bäş sany ýatylýan otag we alty sany hammam bolup, onuň umumy meýdany 1100 inedördül metrden gowrak. Bahasy 28,5 million dollar bolan ikinji penthausda dört ýatylýan otag we bäş sany hammam bar, onuň eýeleýän umumy meýdany 994 inedördül metr.
Pagani Utopia Miami Edition superkary kompaniýanyň esaslandyryjysy Gorasio Paganiniň hut özi tarapyndan işlenip düzülen. Ulagyň kuzowy we salony Maýaminiň görnüşleri bilen sazlaşyp gidýän gök reňkde bezelen. Penthauslaryň alyjylary Modenadaky Pagani zawodyna özboluşly gezelenje gatnaşmaga we markany esaslandyryjy bilen duşuşmaga mümkinçilik alarlar.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......