Honda täze elektrik “0” maşgalasyndan ikinji krossowerini görkezdi

  • 05.11.2025 09:43
  • 3k+

Honda kompaniýasy Japan Mobility Show sergisinde adynda «alfa» nyşany bolan Honda 0 krossoweriniň prototipini ilkinji gezek görkezdi. Bu model täze elektrikleşdirilen “0” maşgalasynyň üçünji modeli bolup, ondan öň 0 Saloon atly sedan we has uly göwrümli 0 SUV krossoweri tanyşdyrylypdy.

Täze krossoweriň önümçilik wersiýasynyň 2027-nji ýylda satuwa çykmagyna garaşylýar. Ilkinji satuw bazarlary hökmünde Ýaponiýa we Hindistan göz öňünde tutulýar.
“0” seriýasyndaky awtoulaglar häzirki Honda modellerinden düýpgöter tapawutlanýan konstruktiw dizaýn ýörelgesine eýerýär. “Alfa” prototipinde uly krossoweriň umumy keşbi saklanyp galýar, ýöne teker bazasy gysgaldy, öň optika täze görnüşde işlenildi, gapy tutawaçlary täzelendi, şeýle-de yzky gapylaryň aňyrsyndaky ownuk penjireler aýryldy.

Täze modeliň tehniki aýratynlyklary entek resmi taýdan aýdylmady. Emma sedan hem-de iki krossoweriň Sony bilen bilelikde Afeela elektrik ulagy üçin işlenip düzülen umumy platformada gurulmagyna garaşylýar. Deslapky maglumata görä, ulagyň bir doly zarýad bilen azyndan 500 km ýol geçip biljekdigi çak edilýär.


şu gün 01:38
847

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......