Stellantis akkumulýatorlarynyň ýangyn howpy sebäpli 375 müň gibrid Jeep-i yzyna gaýtarýar

  • 08.11.2025 00:40
  • 3.8k+

Stellantis awtokonserni akkumulýator batareýalarynda ýangyn döremek howpy sebäpli dünýä boýunça 375 müň sany Jeep Wrangler we Jeep Grand Cherokee gibrid ulaglaryny yzyna çagyrdy. Bu barada CNN habar berýär.

Yza çagyryş 2020–2025 ýyllar aralygynda öndürilen Jeep Wrangler modellerini hem-de  2022–2026 ýyllaryň Jeep Grand Cherokee modellerini öz içine alýar.
ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugyna (NHTSA) iberilen hasabata görä, kompaniýa Samsung SDI tarapyndan öndürilen batareýalar bilen bagly 19 şikaýat aldy. Bu ýagdaýlaryň arasynda bir adamyň şikes alandygyny hem mälim etdi.

Stellantis ähli näsaz batareýalary mugt çalyşmagy wada berdi, ýöne işiň belli bir wagt aljakdygyny aýtdy. Batareýalar çalşylýança, kompaniýa ulag eýelerine ulaglaryny jaýlardan we beýleki binalardan uzakda saklamagy we wagtlaýynça zarýad bermezligi maslahat berýär.
Bu çäre ýangyn töwekgelçiliginiň öňüni almaga gönükdirilendir.

düýn 19:45
1.1k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

düýn 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.5k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....