Nissan täze nesil Elgrand miniwenini hödürledi: ol Toyota Alphard-yň esasy bäsdeşi bolar

  • 07.11.2025 06:28
  • 4.4k+

Japan Mobility Show 2025 sergisinde Nissan kompaniýasy Elgrand miniweniniň köpden bäri garaşylan dördünji neslini hödürledi. Modeliň premýerasy forumyň iň esasy wakalarynyň biri boldy. Modeliň bazara 2026-njy ýylyň tomsunda çykmagyna garaşylýar diýip, Carscoops habar berýär.

Täze Elgrand awtoulaga döwrebap we futuristik keşbi berýän Timeless Japanese Futurism stilinde ýerine ýetirildi. Awtomobiliň eksterýeri doly gaýtadan işlendi we 2010-njy ýyldan bäri çykarylýan öňki wersiýa bilen meňzeşligi ýok diýen ýaly.
Öň bölegi kiçijik yşyk diodlary bolan pikselli radiator gözenegi, şeýle-de kuzowyň gara we boýalan panelleriniň sazlaşmagy bilen tapawutlanýar. Yzky bölek hem özboluşly täsin: çylşyrymly LED zolaklary we bagaž ýeriniň gapysynyň pahnapisint şekili innowasion dizaýny görkezýär.
Interýer hem üýtgedildi. Salon ýolagçylar üçin has rahat boldy: fiziki düwmeli iki reňkli deri ruly, iki sany 14,3 dýuýmlyk panel we täzelenen merkezi konsol döwrebap atmosferany döredýär. 22 dinamikli Bose audioulgamy sesiň ýokary hilli ýaňlanmagyny üpjün edýär. Ikinji hatarda hemmetaraplaýyn rahat bolan “kapitan” oturgyçlary oturdyldy.
Kapotyň aşagynda 1,5 litrlik turbinaly benzin hereketlendirijisi bilen elektrik hereketlendirijisini birleşdirýän üçünji nesil e-POWER gibrid enjamy bar. Bu wersiýa täzelenen e-4ORCE ulgamy – intellektual doly herekete getiriji bilen üpjün edildi. Ol bat alyşda we tormozda hereketiň saz bolmagyna mümkinçilik berýär.
Täze Elgrand 50 km/sag çenli tizlikde eliň kömegi bolmazdan hereketi goldaýan ProPILOT ulgamyny aldy, iň ýokary wersiýa bolsa zolaklary awtomatik çalyşmak we şosse boýunça awtonom hereket etmek funksiýasy bilen ProPILOT 2.0 ulgamyna eýe boldy.
Ýapon bazarynda Elgrand ulagy Toyota Vellfire (Alphard miniweniniň ýerli görnüşi) üçin esasy bäsdeş bolar. 


08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.4k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.7k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....