Ulag awtopilotdaka ýol heläkçiligi ýüze çyksa kim jogap bermeli? Hytaý kazyýeti düşündiriş berdi
Hytaýyň Ýokary halk kazyýeti ilkinji gezek elektron ulgamlar arkaly dolandyrylýan awtoulaglaryň gatnaşmagyndaky ýol-ulag hadysalarynda jogapkärçiligiň paýlanyşy barada resmi düşündiriş berdi. Autohome neşiriniň habaryna görä, kazyýet hatda iň ösen sürüjä kömek ulgamlary (ADAS) ulanylanda hem, hereket howpsuzlygy üçin jogapkärçiligiň adamyň boýnunda galýandygy baradaky netijä geldi...