Ýaponiýadaky awtobezeg ussahanasy Toyota Century-ni sport "lybasyna geýindirdi"

  • 14.02.2026 14:11
  • 4.6k+

Ýaponiýanyň Tom’s Racing týuning (awtobezeg) studiýasy Toyota Century lýuks sedanyny döwrebaplaşdyryp, oňa has sport we agras görnüş berdi. Bu täzelik adaty durnuklylygy we asudalygy aňladýan Century modeliniň imijini düýpli üýtgedýär.

Atelýeniň hünärmenleri ulagyň aerodinamikasyny we daşky görnüşini täze öň we yzky bamperler, özboluşly gapdal "etekleri", bagažyň gapagynda ýerleşdirilen ykjam we owadan spoýler ýaly elementler bilen baýlaşdyrdylar.
Yzky tarapda dört sany hromlanan turbaly täze gazçykar ulgamy gurnaldy.
Ulagyň salony kaşaňlygyň iň ýokary derejesini saklap galýar: Salon gara ýa-da ak reňkli ýokary hilli Nappa derisinden we ýumşak Alkantaradan işlenildi. Oturgyç örtükleri, tirsekgoýarlar we gapy panelleri täzelendi. Kellegoýarlarda bolsa Tom’s brendiniň ýörite nagyşlary peýda boldy.
Century-nyň nyşany bolan gymmat bahaly agaç bezegleri üýtgewsiz galdyryldy.
Tom’s Racing her bir awtoulaga aýratyn çemeleşýär. Işe başlamazdan öň ulagyň korpusy we tehniki ýagdaýy düýpli barlanýar. Köne ýa-da zeper ýeten bölekler arassalanýar ýa-da täzesi bilen çalşyrylýar. Işler tamamlanandan soň, awtoulaglar resmi dilerler tarapyndan barlanýar. Bu bolsa ulagyň zawod kepilligini saklap galmaga mümkinçilik berýär.
Ulagyň "ýüregi" we sürüş aýratynlyklary üýtgewsiz galdy: Hereketlendiriji: 5,0 litrlik V8 (Hybrid). Kuwwaty: 431 at güýji we 510 Nm aýlaw pursaty. Rahatlygy üpjün edýän adaptiw howa asma ulgamyToyota Century Tom's Edition-yň bahasy 194 000 dollardan başlaýar. Eger alyjyda eýýäm Century bar bolsa, diňe týuning toplumyny 61 500 dollara sargyt edip biler.
Toyota ýakynda Century adyny Lexus-dan hem ýokarda durýan aýratyn bir "ultra-lýuks" brende öwürmek meýilnamasyny yglan edipdi.


düýn 01:38
5.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......