Täzelenen Kia Sportage 2026 5-nji marta satuwa çykýar

  • 17.02.2026 12:00
  • 3.1k+

Kia kompaniýasy täzelenen Sportage 2026 krossoweriniň Hytaýda 5-nji martda satuwa çykaryljakdygyny habar berdi. Ulagyň köpçülikleýin önümçiligi bolsa eýýäm 7-nji fewralda Ýançendäki zawodda başlandy.

Täze model öňki nesillerinden özüniň has häzirki zaman we agras dizaýny bilen tapawutlanýar. Ulagyň öň we yzky taraplary doly täzelendi. Esasy aýratynlygy — täze gündizki yşyklary we yzky "ýyldyz şekilli" (star-map) yşyklandyryş ulgamydyr. Salonda öňki panel täzeden dizaýn edildi we has ýokary hilli bezeg materiallary ulanyldy.
Ölçegleri: 4695 x 1865 x 1678 mm, teker binýady (wheelbase) bolsa 2755 mm.
Kia täze Sportage modelinde howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş ulgamlaryny standart derejä çykardy: 2+ derejeli sürüjä kömek ulgamy indi ähli komplektasiýalarda elýeterli bolar. HDA 2 (Highway Driving Assist): Awtomobil ýollarynda hereket edilende sürüjä kömekçi ulgam hem bar.
Şeýle hem ulagy uzak aralykdan (pult arkaly) duralga goýmak we çykarmak funksiýasy elýeterli.
Hytaý bazary üçin Kia iki sany güýçli turbomotorly benziniň görnüşini hödürleýär: 1,5 Turbo: 200 at güýji we 2,0 Turbo: 245 at güýji.
Iki hereketlendiriji hem klassyky awtomatiki (AT) geçiriji bilen üpjün edilen.
Täze Sportage-iň başlangyç bahasynyň häzirki modellerden gymmat bolmazlygyna garaşylýar. Çaklamalara görä, ulagyň bahasy 179,8 müň ýuandan (takmynan 26 000 dollar) başlanar.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....