Škoda 2025-nji ýylda bir milliondan gowrak awtomobil çykardy

  • 05.02.2026 18:24
  • 3.9k+

2025-nji ýylda Škoda Auto kompaniýasy bütin dünýäde 1 065 000 ulag öndürdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15% ýokary bolup, brendiň soňky alty ýylda iň gowy netijesi hasaplanýar.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Mlada-Boleslawdaky esasy zawod 605 600 sany ulag çykardy. Taýýar awtomobillerden başga-da, esasy önümçilik meýdançasynda Škoda we Volkswagen Group markalarynyň elektromobilleri hem-de gibrid ulaglary üçin 329 000-den gowrak batareýa ulgamlary ýygnaldy. Bu zawod konserniň düzüminde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili we elektrik hereketlendirijili modelleri bir hatarda ýygnaýan ýeke-täk zawod bolmagynda galýar. Komponentleriň umumy önümçilik möçberini bir milliondan gowrak transmissiýa we 500 000 hereketlendiriji emele getirdi.
Elektrokar segmentinde ykjam Elroq krossowerleriniň önümçiligi 112 500 sany, Enyaq modelleri bolsa, takmynan, 77 000 sany boldy. Kwasinydaky zawod önümçiligini 301 500 awtomobile çenli artdyrdy. Hindistanda önümçilik möçberi iki esse ýokarlanyp, 73 800 ulaga ýetdi. Şeýle hem, Thanh Cong Group bilen bilelikde Wýetnamda täze önümçilik meýdançasy açyldy.
«Biz alty ýylyň içinde ilkinji gezek 1 000 000 sany öndürilen Škoda awtomobili görkezijisinden geçdik. Bu uly üstünlik we biziň önümçilik toparlarymyzyň agzybir işiniň netijesidir» – diýip, önümçilik we logistika boýunça dolandyryş agzasy Andreas Dik belledi.


11.03.2026 17:18
2.6k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

01.03.2026 23:03
3.4k+

«Aždarha derisi»: täze ýubileý Škoda Octavia üçin reňki tutuş internet jemgyýeti saýlady

Škoda kompaniýasy Beýik Britaniýada Octavia modeli üçin açyk onlaýn ses berişliginde ýeňiji bolan täze altynsow-ýaşyl «Dragon Skin» (Aždarha derisi) reňkini görkezdi. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, sosial ulgamlaryň ulanyjylary bu görnüşi «Storm Blue» we «Tangerine Orange» reňklerinden has makul bildi...

şu gün 08:11
604

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....