«Aždarha derisi»: täze ýubileý Škoda Octavia üçin reňki tutuş internet jemgyýeti saýlady

  • 01.03.2026 23:03
  • 3.4k+

Škoda kompaniýasy Beýik Britaniýada Octavia modeli üçin açyk onlaýn ses berişliginde ýeňiji bolan täze altynsow-ýaşyl «Dragon Skin» (Aždarha derisi) reňkini görkezdi. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, sosial ulgamlaryň ulanyjylary bu görnüşi «Storm Blue» we «Tangerine Orange» reňklerinden has makul bildi.

Täze reňkiň peýda bolmagy modeliň 30 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu öwüşgin 4-nji martdan başlap, 855 funt sterling (1 150 dollar) baha bilen sargyt üçin elýeterli bolar.

Bu aýratyn reňk Octavia vRS we çäkli mukdardaky Sportline (130 sany) wersiýalary üçin hödürlener. «Dragon Skin» mundan ozal hem internet auditoriýasynyň islegi boýunça girizilen «Waterworld Green» we «Space Violet» ýaly üýtgeşik reňkleriň hataryna goşuldy.

Škoda-nyň Britaniýa bazary açyk reňklere uly gyzyklanma bildirýär. 2023-nji ýylda bu ýurtda markanyň iň meşhur reňki gök reňk boldy — täze satylan awtomobilleriň 30%-i şu reňkdedi. Deňeşdirmek üçin: müşderileriň 26%-i çal, 17%-i gara we 12%-i ak reňki saýlady.

Mundan başga-da, alyjylar klassyky tehnologiýalaryň muşdagydyr. Sanlylaşdyrmanyň ornaşdyrylmagyna garamazdan, müşderileriň agramly bölegi mehaniki transmissiýany saýlaýar. Meselem, Škoda Fabia-ny satyn alyjylaryň 69%-i, Škoda Scala-ny alyjylaryň 45%-i we Octavia-nyň eýeleriniň 20%-i «mehanikany» has göwnejaý hasaplady.


11.03.2026 17:18
2.5k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

05.02.2026 18:24
3.9k+

Škoda 2025-nji ýylda bir milliondan gowrak awtomobil çykardy

2025-nji ýylda Škoda Auto kompaniýasy bütin dünýäde 1 065 000 ulag öndürdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15% ýokary bolup, brendiň soňky alty ýylda iň gowy netijesi hasaplanýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Mlada-Boleslawdaky esasy zawod 605 600 sany ulag çykardy...

düýn 19:02
892

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......

düýn 14:52
1.4k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....