BMW kompaniýasy Alpina brendiniň nyşanyny täzeledi

  • 15.02.2026 09:11
  • 3.4k+

BMW kompaniýasy Alpina brendi üçin hukugy 2022-nji ýylda satyn alypdy, emma taraplaryň arasyndaky öňki ylalaşyk 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli güýjüni saklady. Indi bolsa dolandyryş doly BMW-niň eline geçdi we kompaniýa markanyň korporatiw aýdentikasyny täzelemäge girişdi.

Täzelenen nyşan taryhy elementleri — drossel ýapysyny we tirsekli waly saklap galdy, emma ol has tekiz we minimalistik görnüşe getirildi. Dizaýndan galkan, şeýle hem gyzyl we gök bölekler aýryldy. Halkalaryň we Alpina ýazgysynyň hrom bezegi hem aýryldy. Şriftiň özi sähel üýtgedildi, ýöne bu tapawut birbada göze ilmeýär.



BMW brendiň beýleki esasy aýratynlyklaryna hem gaýtadan seredýär. Mysal üçin, Alpina-nyň özboluşly 20 keýeli diskleri täzelener — olar almaz usulynda işleniler we iki reňkli görnüşde bolar. Bu bolsa 1970-nji ýyllaryň başyndaky özboluşly dizaýna ýüzlenmedir. Täze BMW Alpina awtomobilleriniň salonlarynyň bezeginde diňe «iň ýokary hilli deri» ulanylar. Başga giňişleýin maglumatlar entek ýok.
Täze döwrüň ilkinji BMW Alpina awtomobili, ähtimal, ýylyň ahyryna çenli tanyşdyrylar. Bu aýratyn bir model bolman, eýsem täzelenen BMW 7 Series modeliniň has kaşaň görnüşi bolar. Gürrüňlere görä, sedan öňki nusgalaryndan düýpli tapawutlanar we G70-iň deregine täze G72 indeksini alar.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....