Toyota-dan täze "ykjam" wnedorožnik: Land Cruiser FJ-iň köpçülikleýin önümçiligi başlandy

  • 17.02.2026 09:45
  • 5.4k+

Täze Toyota Land Cruiser FJ modeliniň seriýalaýyn önümçiligine resmi taýdan badalga berildi. Carscoops neşiriniň maglumatyna görä, ulag Tailanddaky zawodda ýygnalyp başlandy we şu ýylyň ahyryna çenli ilkinji eýelerine gowşurylar.

Land Cruiser FJ, "uly doganlaryndan" tapawutlylykda has ykjam ölçeglere eýe bolup, şäher we ýolsuz ýerleriň arasyndaky deňagramlylygy saklaýar. Ulagyň uzynlygy: 4575 mm. Ol meşhur Hilux we Fortuner modellerinde özüni subut eden berk IMV (Innovative International Multi-purpose Vehicle) çarçuwa (frame) platformasynda guruldy.
Satuwlaryň başlangyç tapgyrynda ulag diňe bir görnüşli motor bilen hödürlener. Esasy motor: 2,7 litrlik, 161 at güýjüne eýe bolan atmosferaly benzin hereketlendirijisi. Geçiriji guty: 6 tizlikli awtomatiki (AT) guty.
Bölekleýin birikdirilýän doly çekiji ulgam (Part-time 4WD). Bu gurluş dinamik tizlik üçin däl-de, uzak möhletleýin durnuklylyk we ygtybarlylyk üçin niýetlenendir.
Insaýderleriň habaryna görä, Toyota bu model üçin has güýçli wersiýalary hem taýýarlaýar: 2029-njy ýyl: 201 at güýjüni we 500 Nm aýlaw pursadyny öndürýän 2,8 litrlik turbodizel motor sanawa goşular.
48 woltlyk "mild-hybrid" ulgamynyň hem peýda bolmagyna garaşylýar.
Land Cruiser FJ-iň Ýaponiýadaky resmi tanyşdyrylyşy 2026-njy ýylyň maý aýynda bolar. Bu model Land Cruiser maşgalasynyň iň elýeterli we iň kiçi agzasy bolup, ýaş we işjeň sürüjileri özüne çekmegi maksat edinýär.


düýn 00:37
6.4k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
2.5k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
2.7k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

29.05.2026 16:35
6.6k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......