Dacia Sandero 2025-nji ýylda Ýewropanyň iň geçginli awtoulagy boldy

  • 07.02.2026 15:15
  • 1.8k+

JATO Dynamics analitik agentliginiň täze hasabatyna görä, Dacia Sandero hetçbegi 2025-nji ýylyň dowamynda Ýewropada iň köp satylan awtoulag hökmünde hasaba alyndy. Ýyl boýunça bu modelden jemi 238 500 sany satyldy.

Dacia Sandero sanawda birinji orny eýelese-de, onuň satuw möçberi 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11% azaldy. Bu awtoulag Renault-Nissan bileleşiginiň CMF-B LS platformasyna esaslanýar. Bu platformanyň täzeden işlenen görnüşi Russiýanyň täze Lada Iskra modelinde hem ulanylýar.
Ýewropa reýtinginde ikinji orny Renault Clio eýeledi. Bu modelden 229 300 sany satyldy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6% köpdür. Ilkinji üçlügi Volkswagen T-Roc krossoweri jemleýär — 210 100 sany satyş (+4%).
Ondan soňky orunlarda Volkswagen Golf (194 500 sany) we Toyota Yaris Cross (190 000 sany) durýar.
Reýtingiň ilkinji onlugyna girýän beýleki modelleriň arasynda Volkswagen Tiguan aýratyn tapawutlandy. Ol satuw möçberini 17% artdyrmagy başardy. Şeýle hem sanawda Peugeot 208, Peugeot 2008, Dacia Duster, Opel Corsa ýaly modeller orun aldy.

düýn 08:19
1.9k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5.1k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......