Toyota rekord mukdarda maşyn öndürip satsa-da, prezidentini çalyşdy

  • 07.02.2026 15:54
  • 7.6k+

​Aprel aýyndan başlap, dünýäniň iň iri awtoulag öndürijisi bolan "Toyota Motor" kompaniýasynyň täze prezidenti 57 ýaşly Kenta Kon bolar.

​Maliýe hünärmeniniň korporasiýanyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi, kompaniýanyň nobatdaky önümçilik rekordyny goýmagynyň yzysüre boldy: 2025-nji ýylda "Toyota Motor" bütin dünýäde 11,32 mln awtoulag satyp, satuw mukdaryny 4,6% artdyrdy. Kompaniýa eýýäm altynjy ýyl yzly-yzyna "Volkswagen" (8,98 mln ulag satyp, ikinji ýeri eýeledi) kompaniýasyndan öňe geçmegi başarýar.
​Guramanyň häzirki ýolbaşçysy, 56 ýaşly Kodzi Sato, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesine geçer. Bu wezipede ol wekilçilik we jemgyýetçilik işlerine, şol sanda Ýaponiýanyň işewürlik federasiýasyna we Ýaponiýanyň awtoulag öndürijiler assosiasiýasyna ýolbaşçylyk etmäge ünsüni jemlär.
​Kenta Kon 1991-nji ýyldan bäri Toyota-nyň düzüminde işleýär. Ol buhgalteriýa we maliýe meseleleri boýunça hünärmendir. Mundan ozal ol korporasiýanyň maliýe bölümine ýolbaşçylyk edipdi. Önümçilige we "Lexus" ulgamynyň gibrid modellerini döretmäge gözegçilik eden Satodan tapawutlylykda, täze prezident kompaniýanyň ähli operasion işlerini dolandyrmagy öz üstüne alar.


düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......