Subaru alyjylaryň aladasyny edip, 2026-njy ýylyň Forester-ini 2025 modelinden arzan satýar

  • 13.02.2026 11:23
  • 1.6k+

Subaru amerikan bazarynda garaşylmadyk we batyrgaý ädim ätdi. Täze 2026-njy ýyl modelindäki Forester krossoweri 2025-nji ýyldaky nusgasyndan has arzan baha bilen satuwa çykaryldy. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu wagtlaýyn aksiýa däl-de, eýsem alyjylyk ukybynyň peselmegine garşy durmak üçin saýlanyp alnan ýörite strategiýadyr.

Subaru-nyň ýolbaşçylary alyjylaryň maliýe kynçylyklaryny nazarda tutup, esasy modelden başga ähli komplektasiýalaryň bahasyny aşak düşürdi:

  • Base (Esasy): Bahasy üýtgemedi — 29 995 dollar.
  • Premium: 1 390 dollar arzanlady.
  • Limited: 1 700 dollar arzanlady.
  • Touring: 1 600 dollar arzanlady.
  • Wilderness (Ýolsuz ýerler üçin): 1 390 dollar arzanlady.

Hatda täze Forester Hybrid hem arzanladyşdan paýyny aldy: gibrid modeliniň bahasy 2 015 dollar peseldildi. Şunda ulag 194 at güýjüni we 100 km-e bary-ýogy 6,7 litr ýangyç sarp ediş görkezijisini doly saklap galdy.
Bahalaryň arzanlamagy bilen bir hatarda, modeliň hataryna täze Onyx Edition wersiýasy (36 495 dollar) goşuldy. Bu model stil we durnuklylygy birleşdirýär: Gara reňkli dizaýn elementleri we gara logotipler; 19 dýuýmlyk ýörite teker diskleri; Suwa durnukly StarTex materialyndan taýýarlanan salon; ýokary hilli Harman Kardon audio ulgamy.

düýn 08:19
1.9k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5.1k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......