Nissan maliýe kynçylyklaryndan halas bolmak üçin 7 zawodyny ýapýar we 20 müň işgärini çykarýar

  • 15.02.2026 22:54
  • 3.8k+

Ýaponiýanyň awtomobil ägirtleriniň biri bolan Nissan milliardlarça dollar ýitgisiniň öňüni almak üçin dünýä boýunça giň gerimli çäklendirmeleri yglan etdi. Kompaniýanyň täze strategik meýilnamasyna görä, 7 sany zawod ýapylar we takmynan 20 müň işgär boşadylar.

Kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň bellemegine görä, täzeden gurnama işleri doly güýjünde barýar we işden çykarmalaryň aglabasy eýýäm amala aşyryldy. Bu hili ädimleriň esasy sebäbi — Nissan-yň şu ýyl garaşýan 4,2 milliard dollar möçberindäki äpet ýitgisidir.
Global satuwlar 3% peselip, 778 müň awtoulaga düşdi. Ýyllyk girdeji 5% azaldy. Ýaponiýa iň ýitgili bazar bolup, satuwlar 20% peseldi.
Nissan özüniň global önümçilik zynjyryny düýpli üýtgedýär: 2026-njy ýylyň ýanwarynda Nissan Günorta Afrikadaky zawodyny Hytaýyň Chery kompaniýasyna satdy. Renault bilen bilelikdäki taslamadan çykdy. Renault hyzmatdaşynyň paýyny satyn aldy we Argentinadaky kärhanany ýapdy. Meksikada iki sany, Ýaponiýada bolsa ýene-de iki sany iri önümçilik meýdançasy öz işini duruzdy.
Nissan şu maliýe ýylynyň ahyryna çenli jemi 2,9 million awtoulag öndürmegi meýilleşdirýär. Deňeşdirmek üçin: geçen ýyl bu görkeziji 3,1 milliona deňdi. Kompaniýa önümçilik möçberini azaltmak arkaly maddy çykdajylary tygşytlamagy we durnuklylygy saklamagy maksat edinýär.


08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.4k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.7k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....