Maşyn ussaçylygyny öwrenmek isleýäňizmi? Steam platformasynda ýörite oýun çykdy

  • 09.02.2026 15:46
  • 8k+

Steam sanly platformasynda awtoserwis dolandyrmak boýunça simulýator (öýkünme oýny) bolan "Car Service Together" atly oýun irki elýeterlilikde köpçülige hödürlendi. Taslama öz awto-ussahanaňy ýekelikde hem, birbada dört adam bolup hem ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Oýnuň esasy mazmuny garaždaky toparlaýyn işe esaslanýar. Toparyň her bir agzasy aýry-aýry wezipeleri ýerine ýetirýär: biri ulaglary ýuwýar, beýlekisi abatlamak we şaýlary sökmek bilen meşgullanýar, üçünjisi ulaglary reňkleýär, dördünjisi bolsa taýýar bolan ulagy synagdan geçirmek (test-draýw) üçin ýola çykýar.
Işläp düzüjiler oýnuň esasyna awtomobilleri abatlamak we bezeg etmek arkaly dostlaryň bilen gyzykly wagt geçirmek ideýasyny goýdular. Toparlaýyn režimde sesli aragatnaşyk hem elýeterli bolup, ulanyjylaryň pikiriçe, munuň özi prosesi has-da amatly we özüne çekiji edýär.
Häzirki wagtda Steam-da oýna berlen umumy baha "gatyşyk" diýlip bellenildi. Ulanyjylar oýnuň ilkinji sagatlarynda ýüze çykan tehniki bökdençliklere we gysga wagtyň içinde gyzyklylygyny ýitirýän çäkli mümkinçiliklere nägilelik bildirýärler. Şeýle-de, oýnuň terjime we lokalizasiýa bölümlerinde hem ýalňyşlyklaryň bardygy habar berilýär.
Steam platformasynda "Car Service Together" oýnunyň bahasy 10 dollar diýlip kesgitlendi.

düýn 08:19
1.9k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5.1k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......