Toyota awtoulag multimedia ulgamlary üçin hususy oýun hereketlendirijisini hödürledi

  • 11.02.2026 10:07
  • 2k+

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň multimediýa ulgamlary üçin ýöriteleşdirilen Fluorite atly hususy oýun hereketlendirijisini işläp düzmäge başlady. Bu taslama Toyota-nyň sanly hyzmatlar we interfeýsler üçin jogapkär bölümi bolan Toyota Connected North America tarapyndan amala aşyrylýar.

Täze hereketlendiriji, adatça, smartfonlardan we kompýuterlerden has pes hasaplaýyş kuwwatyna eýe bolan gurnalan awtoulag platformalary üçin niýetlenendir. Fluorite C++ dilinde ýazylan we Google-yň Flutter UI-freýmworky bilen utgaşykly işleýär.
Bu gurluş Dart dilini we Flutter gurallaryny ulanyp, agyr oýun hereketlendirijilerine mätäçlik duýmazdan, 3D elementli interaktiw interfeýsleri we ýönekeý oýunlary döretmäge ýol açýar.
Hereketlendiriji pes derejeli enjamlar üçin optimizirlenen bolup, Vulkan API-synyň goldawy arkaly grafikanyň çaltlandyrylmagyny üpjün edýär.
Kompaniýanyň düşündirmegine görä, Fluorite ilkinji gezek geljekki awtoulaglaryň 3D ulanyjy interfeýsleri (UI) üçin döredildi. Unity ýa-da Unreal Engine ýaly taýýar çözgütler awtoulag ulgamlary üçin örän "agyr", çylşyrymly we lisenziýa şertleri boýunça gymmat hasaplanýardy.
Toyota bu hereketlendirijini açyk kodly görnüşde ýaýratmagy meýilleşdirýär. Bu bolsa diňe bir kompaniýanyň öz işläp düzüjileriniň däl, eýsem üçünji tarap studiýalarynyň hem bu platforma üçin täze multimedia funksiýalaryny we awtoulag oýunlaryny döretmegine mümkinçilik berer.


düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......