Toyota ABŞ-da ulaglaryň bahalarynyň gymmatlajakdygy we RAV4-iň gytçylygy barada duýdurdy

  • 06.02.2026 19:48
  • 7.1k+

Toyota kompaniýasy 2026-njy ýylda ABŞ-nyň bazarynda awtoulaglaryň nyrhlarynyň ýokarlanjakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Kompaniýanyň Demirgazyk Amerika bölüminiň wise-prezidenti Endrýu Gillelandyň aýtmagyna görä, bahalaryň adaty bolşy ýaly ýylda iki gezek däl-de, eýsem üç tapgyrda gymmatlamagyna garaşylýar.

Toyota-nyň ýolbaşçylary ABŞ-da täze awtoulagyň ortaça bahasynyň 50 000 dollara ýakynlaşmagynyň örän biynjalyk edýän ýagdaýdygyny belleýärler. Gillelandyň aýtmagyna görä, önümçilik üçin sarp edilýän serişdeleriň gymmatlamagy we täze söwda paçlarynyň girizilmegi bahalara gaýtadan seretmäge mejbur edýär.
Demirgazyk Amerika bölüminiň başlygy Deýw Krist, import paçlarynyň döredýän basyşyny "sabyr synagy" hökmünde häsiýetlendirdi. Kompaniýa goşmaça çykdajylary mümkin boldugyça öz üstüne almaga çalyşýandygyny mälim etdi.
Toyota-nyň iň köp satylýan modeli bolan RAV4 (2026-njy ýyl modeli) häzirki wagtda gyt ýagdaýda dur. Model nesliniň täzelenmegi we logistikadaky kynçylyklar üpjünçiligi bökdedi. Uly islegden peýdalanýan "açgöz" dilerler awtoulagyň bahasyny emeli usulda galdyrýarlar.
Toyota müşderilere RAV4 üçin aşa köp pul tölemezligi we onuň deregine Crown, elektrik bZ seriýasyna hem-de täze C-HR+ modellerine seretmegi maslahat berýär.
Häzirki wagtda ABŞ-daky Toyota ammarlaryndaky awtoulag gorlary soňky iki ýylyň iň pes derejesinde galýar.


24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......