Üç sany Bugatti Bolide doňan kölüň üstünde synagdan geçirildi

  • 07.02.2026 15:11
  • 5k+

Bugatti kompaniýasy özüniň täze Bolide giperkarlary üçin adatdan daşary synag sürüşini gurady. Bu täsirli waka Şweýsariýanyň meşhur kurortynda, doňan kölüň üstünde geçirilýän «ICE St. Moritz» festiwalyň çäginde boldy.

Dünýäde bary-ýogy 40 sany «Bolide» öndürildi. Her bir awtoulagyň bahasy 4,7 million dollardan başlanýar. Bu gymmatbaha ulaglaryň üç sany eýesi öz bolidleriniň ukyplaryny Şweýsariýanyň aşa sowuk we ýowuz şertlerinde barlap görmek kararyna geldiler.
Bu model öz adyny ýaryş awtoulaglaryna (bolidlere) meňzeýän dizaýnyndan alýar. Onuň görkezijileri aklyňy haýran galdyrýar: 0-dan 100 km/s tizlige bary-ýogy 2,2 sekuntda çykýar. Sagatda 380 km tizlige ýetmäge ukyply.
Çärede diňe bir «Bolide» däl, eýsem Bugatti nesliniň beýleki seýrek nusgalary hem görkezildi:

  • Seýrek modeller: Veyron Grand Sport Vitesse-iň ýörite wersiýalary (Soleil de Nuit, Meo Costantini).
  • Klassika: Type 13, Type 35 we Type 37A ýaly taryhy ýaryş ulaglary.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Mate Rimas çärä iki sany elektrik Rimac Nevera getirdi, özi bolsa nusgawy Bugatti EB110 ulagynyň rulunda buzuň üstünde ussatlyk görkezdi.

düýn 08:19
1.9k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5.1k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......