ABŞ-da maşynlarda hiç kimiň halamaýan "Start-stop" ulgamyndan el çekdiler

  • 15.02.2026 10:24
  • 9.9k+

ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi (EPA) 2009-njy ýylda Prezident Barak Obamanyň döwründe parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen kabul edilen karary ýatyrdy. CBS News neşiriniň habar bermegine görä, indi awtomobil öndürijileri ulaglarynda "start-stop" ulgamyny ulanandyklary üçin ekologik bonuslary we ýeňillikleri alyp bilmezler.

Agentlik täze kararyň parnik gazlary boýunça öňki ähli standartlary we awtokonsernlere berilýän ýeňillikleri ýatyrýandygyny takyklady. Şu wagta çenli kompaniýalar, esasan hem "start-stop" ulgamyny gurnandyklary üçin dürli ekologik ýeňilliklerden peýdalanyp gelýärdiler.

"Start-stop" ulgamy näme we sürüjiler oňa nähili garaýar?
Bu ulgam ýangyç tygşytlamak we zyňyndylary azaltmak üçin niýetlenendir. Ulag gysga wagtlyk saklananda (meselem, swetoforda) hereketlendirijini awtomatiki öçürýär we sürüji tormozdan aýagyny çekende gaýtadan işledýär.
Geçirilen barlaglar sürüjileriň aglabasynyň bu ulgama negatiw garaýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda sürüjiler her gezek ulagy işledenlerinde bu ulgamy el bilen öçürmeli bolýarlar.
"Start-stop" ulgamyndan gysga wagtyň içinde doly ýüz öwürmek mümkin däl. Sebäbi bu ulgamyň işlemegi üçin eýýäm güýçlendirilen starterler, generatorlar we akkumulýatorlar ulanylýar. Emma öndürijilere berilýän bonuslaryň ýatyrylmagy bilen öndürijiler ulgamyň işleyiş algoritmini üýtgedip, sürüjilere ony hemişelik öçürmäge mümkinçilik berip bilerler.
Bonuslar bolmasa, käbir model we markalarda bu ulgamdan doly ýüz öwrülmegi hem mümkindir.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......