Maşrabiýa dizaýny: Rolls-Royce ilkinji gezek kapoty lazer bilen haşamlady

  • 16.02.2026 22:51
  • 6.1k+

Lýuks ulaglaryny öndürýän Rolls-Royce awtoulagyň kapotyna nagyş salmak üçin dünýäde ilkinji gezek lazer grawirowka (haşamlama) usulyny ulandy. Bäş ýylyň dowamynda kämilleşdirilen bu tehnologiýa ýakyn gündogarly müşderi üçin ýörite taýýarlanan we arap medeniýetinden ylham alýan Phantom Arabesque modelinde ilkinji gezek tanyşdyryldy.

Haşamlanyp salnan nagyşlar arap arhitekturasynyň nusgawy elementleriniň biri bolan maşrabiýadan (nagyşly agaç gözenekler) ylham alnypdyr. Bu nagyşlar diňe bir kapotda däl, eýsem awtoulagyň salonynyň dürli künjeklerinde hem duş gelýär. Bu nagyşlar boýagyň üstünden çalynman, onuň gurluşyna "siňdirilýär". Proses birnäçe tapgyrdan ybarat: Kapot ilki goýy reňke boýalýar, soňra üstünden dury lagyň birnäçe gatlagy we iň soňunda açyk reňkli gatlak örtülýär. Lazer şöhlesi 145–190 mikron çuňluga çenli ýokarky gatlaklary oýup, aşagyndaky goýy reňki açyp görkezýär. Oýulan nagyşlar ussalar tarapyndan el bilen ýylmanýar. Netijede, göz bilen görüp we el bilen duýup bolýan üç ölçegli (3D) tekstura emele gelýär.
Awtoulag diňe bir kapoty bilen däl, eýsem beýleki dizaýn elementleri bilen hem haýran galdyrýar. Iki reňkli özboluşly kuzow dizaýny, kellegoýarlarda we gapylaryň bosaga çykgytlarynda maşrabiýa nagyşlarynyň gaýtalanmagy göze ilýär.


20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...