Mercedes-AMG C-klass modellerine alty silindrli hereketlendirijileri gaýtaryp getirýär

  • 10.02.2026 09:21
  • 2.5k+

Mercedes-AMG özüniň meşhur C-klass modellerini 2,0 litrlik dört silindrli hereketlendirijilere geçirmek synanyşygynyň garaşylan netijäni bermändigini boýun aldy. Kompaniýa müşderileriň isleglerini göz öňünde tutup, ýene-de uly göwrümli hereketlendirijilere dolanmak kararyna geldi. Bu barada AMG-niň baş direktory Mihael Şibe resmi habar berdi.

Müşderiler dört silindrli täze Mercedes-AMG C 43 we C 63 modellerini örän sowuk we sabyrlylyk bilen kabul etdiler. Şoňa görä-de, kompaniýa bu konfigurasiýadan doly ýüz öwürýär. Häzirki 2,0 litrlik C 43 we GLC 43 modelleri önümçilikden aýrylar. Olaryň ýerine eýýäm CLE 53 kupesinden tanyş bolan, 443 at güýjüni öndürýän 3,0 litrlik alty silindrli hereketlendirijiler gurlar.
Mihael Şibe täze Ýewro-7 ekologiýa standartlaryna laýyklykda dört silindrli motorlary sazlamagyň tehniki taýdan has kyn we gymmat düşýändigini düşündirdi. Mundan başga-da, ol alty silindrli hereketlendirjileriň premium awtoulaglara mahsus "duýguly seslenmesini" berýändigini, dört silindrli modellerde bolsa bu özboluşlylygyň ýitirilendigini belledi.
671 at güýjüne eýe bolan gibrid Mercedes-AMG C 63 hem satuwda we meşhurlykda esasy bäsdeşi bolan BMW M3-den yza galdy. Şunuň bilen baglylykda, Mercedes eýýäm Ýewro-7 kadalaryna laýyk gelýän täze 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisini hödürledi. Resmi tassyklanmasa-da, bu motoryň ilki CLE 63-de, soňra bolsa ýene-de C 63-de peýda bolmagyna garaşylýar.
Täze nesil modelleriň işlenip düzülmegi çalt depginlerde dowam edýär. Geljekki C 53 modeli eýýäm täze BMW M5 bilen birlikde ýol synaglaryndan geçirilýär. Täzelenen hereketlendiriji düzümli modelleriň 2027-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.


düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....