Ilkinji sürüjisiz Toyota Platinum 4X önümçilikden çykdy

  • 10.02.2026 10:30
  • 6k+

GAC Toyota zawodynda Pony.ai kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen, L4 derejeli özbaşdak dolandyrylýan (sürüjisiz) ilkinji Platinum 4X awtoulagy önümçilik çykdy. Bu waka iki ägirdiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň synag tapgyryndan köpçülikleýin senagat önümçiligine geçendigini alamatlandyrýar.

Pony.ai eýýäm 2026-njy ýylda iri megapolisleriň ýollaryna bu modeliň 1000 sanysyny çykarmagy we gije-gündizleýin gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär. Ulagyň "beýnisi" hökmünde Pekin, Şanhaý, Guançžou we Şençžen ýaly şäherleriň çylşyrymly ýol şertlerinde synagdan geçen, pilotsyz dolandyryşyň ýedinji nesil ulgamy hyzmat edýär.
Işläp düzüjiler ulgamyň binýatlyk gurluşynyň howpsuzlygy üpjün etmek üçin köp derejeli ätiýaçlandyryş elementleri bilen enjamlaşdyrylandygyny belleýärler. Täze nesilde ulanylýan datçikleriň we enjamlaryň bahasy öňki wersiýalardan 70% arzan düşýär. Programma üpjünçiligi diňe bir bu model däl, eýsem beýleki awtoulag platformalaryna hem aňsatlyk bilen integrasiýa edilip bilner.
Ulanyjylar üçin sesli dolandyryş, Bluetooth arkaly gapylary uzakdan açmak we onlaýn hyzmatlar elýeterli bolar.


düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......