Ulag awtopilotdaka ýol heläkçiligi ýüze çyksa kim jogap bermeli? Hytaý kazyýeti düşündiriş berdi

  • 19.02.2026 13:26
  • 5.1k+

Hytaýyň Ýokary halk kazyýeti ilkinji gezek elektron ulgamlar arkaly dolandyrylýan awtoulaglaryň gatnaşmagyndaky ýol-ulag hadysalarynda jogapkärçiligiň paýlanyşy barada resmi düşündiriş berdi. Autohome neşiriniň habaryna görä, kazyýet hatda iň ösen sürüjä kömek ulgamlary (ADAS) ulanylanda hem, hereket howpsuzlygy üçin jogapkärçiligiň adamyň boýnunda galýandygy baradaky netijä geldi.

Bu karar "sürüjisiz" diýlip atlandyrylýan awtoulaglaryň biri bilen bolan heläkçilikli işiň seredilmegi netijesinde kabul edildi. Kazyýetiň görkezmesine görä, awtoulag öz-özüni dolandyrýan ulgamlary işjeňleşdiren hem bolsa, sürüji dolandyryşyň hakyky gatnaşyjysy hasaplanýar. Ýüze çykyp biljek ähli netijeler üçin sürüji doly hukuk jogapkärçiligini çekýär. Bu kesgitleme geljekde meňzeş işlere seredilende esasy gollanma bolar.
Häzirki wagtda Hytaýda akylly kömekçileriň ýaýramagy bilen sürüjileriň ýola bolan ünsi peselip başlady. Käbir sürüjiler ulagda uklaýarlar ýa-da mobil telefonlaryny ulanýarlar. Sürüjiniň ünsüni goraýan ulgamlary aldamaga mümkinçilik berýän bikanun enjamlar hem köpelip başlady.
Geçen güýzde bolan bir waka muňa aýdyň mysal boldy: kameralar awtonom tertipde barýan ulagy hasaba aldy, ýöne sürüji oturgyjy boş bolup, eýesi ýolagçy oturgyjynda ýatyrdy. Netijede, sürüjiniň serhoşdygy we ulgamy aldamak üçin bikanun enjam ulanandygy anyklandy. Ol "howply dolandyryşda" günäkärlenip, 1 aý 15 gün azatlykdan mahrum edildi we 4 müň ýuan (takmynan 580 dollar) jerime tölemäge höküm edildi.


21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....