Chelsea Rivet: Traktor bilen rodsteriň garyndysy bolan täsin "mini-wnedorožnik"

  • 19.02.2026 13:06
  • 2.2k+

Britaniýaly týunerler (awtobezeg ussalary) tarapyndan döredilen Chelsea Rivet özüniň üýtgeşik dizaýny bilen awtomobil dünýäsini haýran galdyrdy. Carscoops neşiriniň ýazmagyna görä, bu ulag retro-rodsteriň (açyk üçekli sport ulagy) we oba hojalyk traktorynyň "gibridini" ýatladýar.

Ulagyň dizaýnynda artykmaç hiç zat ýok: Üçegi, gapylary we hatda öňki aýnasy hem ýok. Sürüji töwerekdäki dünýä bilen doly galtaşykda bolýar. Içerki bezeg örän sada — diňe üç çişli rul, iki siferblatly gural paneli we birnäçe düwme ýerleşdirilipdir.
Üç tizlikli ýarym awtomatik (semi-auto) geçiriş gutusynyň dolandyryş ryçagy ulagyň daşynda ýerleşýär, bu bolsa oňa aýratyn stil berýär.

Ulagyň kiçi ölçeglerine garamazdan, ol hakyky "ýoldan dury" (off-road) ruhunda ýasalypdyr: Kuzow berk polat çarçuwada (rama) guruldy, agramy 230 kg.
17 dýuýmlyk ýörite çarkandakly ýerler üçin niýetlenen (all-terrain) tekerler. 
Motor: 125 kub santimetrlik, 7 at güýjüni öndürýän benzin hereketlendirijisi. Sagatda 60 km tizlige çenli ýetip bilýär. Ähli tekerlerde ygtybarly disk tormozlary oturdyldy.
Bu täsin "oýunjak" Beýik Britaniýada 4 000 funt sterling (takmynan 5 100 dollar) bahadan satuwa çykaryldy.

şu gün 08:19
1.8k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

şu gün 01:38
5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5.1k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......