Hyundai Elantra-nyň düýpli üýtgeşme girizilen täze nesli synag edilýär

  • 12.02.2026 12:14
  • 8.1k+

Hyundai Elantra modeliniň täze nesli gyşky ýol synaglarynyň dowamynda ilkinji gezek surata düşürildi. 2027-nji model ýyly hökmünde hödürlenjek bu awtoulag, dizaýn taýdan häzirki wersiýasyndan düýpli üýtgeşmeler bilen hemmeleri geň galdyrdy.

Synag edilýän nusganyň dizaýny Hyundai-yň soňky wagtlarda ulanýan Santa Fe we Tucson modelleriniň stilini ýatladýar. Ulag has burçly görnüşe geçipdir. Ulagyň üçek çyzygy has göni, yzky sütünleri bolsa has dik görnüşe eýe boldy.
Öň tarapda inçe gündizki yşyklar we bamperiň gyrasynda ýerleşen esasy fara bloklary bar. Yz tarapda bolsa kuzowyň tutuş ini boýunça geçýän LED zolagy we dikligine ýerleşen tormoz yşyklary göze ilýär.
Ulagyň umumy keşbi has inedördül we durnukly görkezilipdir.
Hereketlendirijiler barda resmi maglumat ýok. Heniz resmi häsiýetnamalar aýan edilmese-de, bilermenler binýatlyk model hökmünde 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijä (147 at güýji), has güýçli 1,6 litrlik turbo-motora (190 at güýji töweregi) we tygşytly gibrid wersiýalarynyň hem bolmagyna garaşýarlar.
Synag ulagyndaky görünýän gazçykaryş turbalary Hyundai-yň bu modelde içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerinden (ICE) ýüz öwürmändigini tassyklaýar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....