5k+

“Barselonany” gyzyklandyran Niko Uilýams “Atletik” bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy

Bilbaodan “Atletik” futbol kluby ispaniýaly ýarymgoragçy Niko Uilýams bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Täze şertnama 2035-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Bellenilişi ýaly, 22 ýaşly futbolçynyň şertnamany möhletinden ir ýatyryp, başga bir kluba geçmegi üçin tölemeli mukdar 50%-den gowrak ýokarlandy...

8.3k+

“Çelsi” 81 mln dollara braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony aldy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Žoao Pedro “Braýton end Houw Albiondan” Londonyň “Çelsisine” geçdi. Bu barada klubuň saýtynda resmi taýdan yglan edildi. 23 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2033-nji ýyla çenli hereket edýär...

7.2k+

ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynda 2 million bilet satyldy, oýunlara ortaça 35 müň tomaşaçy barýar

Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlaryna satylan biletleriň umumy sany 2 milliona ýetdi. Ýaryşyň her oýnuna ortaça 35 müň tomaşaçy gelýär. Bu barada žurnalist Kawe Solekol habar berdi. Ýaryşyň iň köp tomaşaçy ýygnan oýny toparlaýyn tapgyrda «Pari Sen-Žermen» bilen «Atletikonyň» (4:0) arasyndaky duşuşyk boldy — bu oýna 80 819 adam tomaşa etdi...

16k+

Ronaldu “Al-Nasr” bilen täze şertnamasy boýunça minutda 158 ýewro gazanar

Kriştianu Ronaldu “Al-Nasr” saud kluby bilen şertnamanyň ýene iki ýyla uzaldylandygyny habar berdi. Oýunçy sport taryhynda rekord teklipden ýüz öwrüp bilmedi. “Al-Nasra” geçenden soň, Ronaldu klub bilen ýekeje-de uly kubok gazanmady, diňe 2023-nji ýylda ýarym-ýoldaşlyk Arap çempionlarynyň kubogyny utdy...

1.4k+

Formula-1 Awstriýa Gran-prisini 2041-nji ýyla çenli uzaltdy

Formula-1-de Awstriýanyň Gran-prisi tapgyryň promouteri Projekt Spilberg bilen täze ylalaşyk gazanylandan soň, 2041-nji ýyla çenli uzaldyldy. Muny "patyşalyk ýaryşlarynyň" metbugat gullugy yglan etdi. "Formula-1-iň köp ýyllaryň dowamynda “Red Bull Ringde” galjakdygyna begenýärin...

3.6k+

«Lion» FK 1-nji Ligadan düşürilensoň prezidentini üýtgetdi

Geçen hepde «Lion» futbol kluby maliýe kynçylyklary sebäpli, Fransiýanyň 1-nji Ligasyndan ikinji diwiziona düşürildi. L'Équipe gazetiniň maglumatlaryna görä, klubuň bergisi 175 mln ýewro barabar. Klubuň düşürilmegi baradaky karary Milli administratiw gözegçilik departamenti (DNCG) kabul etdi...

5.7k+

«Monako» Pol Pogba bilen gol çekişdi

Fransiýanyň “Monako” futbol kluby 32 ýaşly ýarymgoragçy Pol Pogba bilen şertnama baglaşandygyny resmi web sahypasynda habar berdi. Şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir. Pogba futbol karýerasyna Parižiň “Ruassi-an-Bri” we “Torsi” atly höwesjeňler klublarynda başlady...

5.9k+

Saparmyrat Atabaýew UzChess Cup halkara küşt ýaryşynda 1-nji orny eýeledi

Saparmyrat Atabaýew Daşkentde geçirilen UzChess Cup halkara küşt ýaryşynda birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Futures toparynyň grossmeýsteri mümkin bolan 9 utukdan 6 utuk toplap, goşmaça görkezijiler (Koneborn-Berger) we şahsy duşuşyklardaky netijeleriň hasabyna ýaryşyň umumy sanawynda birinji orna çykdy...

18k+

Gurbanguly Berdimuhamedow taekwondonyň dokuzynjy danyny aldy

Koreýanyň Taekwondo Federasiýasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini – dokuzynjy dany bermek barada çözgüt kabul etdi. Bu barada ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co...

8.6k+

Bloger-boksçy Jeýk Pol WBC-iň öňki dünýä çempiony Çawes-kiçini ýeňdi

29-njy iýunda Anahaým şäherinde (Kaliforniýa, ABŞ) professional boks agşamy geçirilip, onuň esasy wakasy ilkinji agyr agram derejedäki 10 raundlyk reýting söweşi boldy. Ringe amerikaly bloger we professional boksçy Jeýk Pol bilen orta agram boýunça WBC-niň öňki dünýä çempiony, meksikaly Hulio Sezar Çawes-kiçi çykdy...

10k+

Ronaldu "Al-Nasr" bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby bilen şertnamasyny 2027-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berdi. 40 ýaşly portugaliýaly hüjümçiniň öňki şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanmalydy...

2.5k+

Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti boldy

Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti wezipesine girişdi. Dabara duşenbe güni Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirildi. 2013-nji ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk eden HOK-yň öňki prezidenti Tomas Bah öz ygtyýarlyklaryny oňa geçirdi...

1.9k+

Alkaras Londondaky ATP 500 ýaryşynda 21-nji titulyny gazandy

Dünýäniň ikinji raketkasy ispaniýaly Karlos Alkaras Londonda geçirilen ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda reýtingiň 30-njy ornuny eýeleýän çehiýaly Irži Legeçkany utdy. Oýun 7:5, 6:7 (5:7), 6:2 hasabynda tamamlandy...

6.5k+

Türkmen karateçileri Bişkekde Merkezi Aziýanyň çempionatynda 12 medal gazandylar

Türkmenistanly karateçiler Bişkek şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň WKF karate boýunça 10-njy çempionatynda jemi 12 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň karate-do federasiýasy habar berdi. Ýaryşa Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistandan gelen 609 türgen gatnaşýar...