Aýdogdy Atabaýew IBCA küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň ilkinji medalyny gazandy

  • 06.07.2025 12:11
  • 7.1k+

FIDЕ-niň ussatlygyna dalaşgär Aýdogdy Atabaýew Görüş ukyby pes küştçüleriň arasynda Bütindünýä küşt olimpiadasynda medal gazanan ilkinji türkmenistanly küştçi boldy.

Ol Serbiýanyň Wrnýaçka-Banýa şäherinde geçirilen 17-nji Olimpiadada bürünç medal gazandy. Bu ýaryş dört ýyldan bir gezek geçirilýär we ony Halkara Braýl küşt assosiasiýasy (IBCA) gurnaýar. Olimpiada Ýewropa, Aziýa we Günorta Amerikanyň güýçli ýygyndylary gatnaşýar. Şu ýyl ýeňiş ugrunda 22 ýygyndy bäsleşdi. Ýaryş FIDЕ-niň düzgünleri esasynda 9 tapgyrdan ybarat şweýsar ulgamynda geçirildi.
A.Atabaýew birinji tagtada çykyş edip, mümkin bolan 7 utukdan 6-syny toplady — 5 ýeňiş gazanyp, 2 oýny deňlikde tamamlady. Onuň ýaryşdaky netijesi 2353 boldy. Netijede, ol Polşadan Marçin Tazbiriň (2543) we Ispaniýadan Daniýel Pulwetiň (2467) yzysüre üçünji orny eýeledi.
Bürünç medala tarap ýolda Atabaýew Ukraina, Germaniýa, Fransiýa, Rumyniýa ýaly ýurtlaryň ady belli küştçülerini ýeňdi.

«IBCA-nyň 17-nji dünýä Olimpiadasy ýene bir gezek görüş ukyby çäklendirilen küştçüleriň ajaýyp zehinini, tutanýerliligini we sport ussatlygyny görkezdi» diýip, IBCA-nyň prezidenti Ýorgen Magnusson bäsleşikleriň netijesi boýunça belledi.

IBCA 1958-nji ýylda esaslandyryldy we ol Halkara küşt federasiýasyna (FIDЕ) hem-de Görüş ukyby çäklendirilenleriň halkara sport federasiýasyna (IBSA) agza bolup durýar.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......